Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistan BMG bilen işsizlik meselesini maslahatlaşdy

BMG missiýasynyň delegasiýasy 21-nji iýunda TSTB-niň işi bilen tanyşdy diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň saýty habar berýär. 


Resmi maglumata görä, türkmen telekeçileri BMG-niň terrorizme garşy taslamalary durmuşa geçirmegi utgaşdyrmak boýunça bölüminiň başlygy Kristofer O.Donneliň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa bilen duşuşdy. 


TSTB-niň başlygy myhmanlary öz ýolbaşçylygyndaky jemgyýetçilik guramasynyň işi, türkmen telekeçileriniň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy. 


Emma habarda döwletden milliardlarça dollar möçberinde serişde alan guramanyň soňky ýyllarda näçe iş ornuny döredendigi barada maglumat berilmeýär. 


BMG missiýasynyň wekilleri berlen maglumatlary diňläp, TSTB-niň işine ýokary baha berdiler, hususan-da onuň täze iş orunlaryny döretmekdäki ähmiýetini aýratyn nygtadylar diýip, habarda aýdylýar.


Duşuşyga gatnaşan taraplaryň ikisi-de ilaty iş bilen üpjün etmegiň jemgyýetiň durmuşyndaky negatiw hadysalara garşy durmagyň bir faktory bolup durýandygyny tassyklady.


Türkmenistanda soňky on ýylda işsizlik, aýlyklaryň az bolmagy zerarly daşary ýurtlara iş gözläp gidýän adamlaryň sanynyň barha köpelýändigi aýdylýar, emma resmi Aşgabat ilatyň işsizlik derejesi, döredilýän iş orunlarynyň sany barada anyk maglumat çap etmeýär.


Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleriniň dine uýýan, sakgal goýberýän ýaşlara garşy girizilýän çäklendirmeleri we basyşlary artdyrýandygy hakynda habarlar gelip gowuşýar. 

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *