Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Июнь
2019

Новости за 25.06.2019

Azathabar.com 

Türk häkimiýetleri Ömruzak Omarkulyýewiň döreden guramasyny ýapdylar

Türkiýäniň Osmaniýa şäheriniň häkimiýetleri Türkmenistanly studentleriň raýadaşlyk we özara kömek guramasyny ýapdylar diýip, “Turkmen.news” neşiri habar berýär. Bu gurama Türkiýäniň Gorkut Ata uniwersitetiniň ikinji kursunyň studenti Ömruzak Omarkulyýewiň ýolbaşçylygynda döredildi. Emma ol aldaw ýoly bilen Türkmenistana getirilip, ilki ýurtdan goýberilmedi, soňra uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.  Turkmen.news neşiri özünde Osmaniýa şäher häkimliginiň suduň karary esasynda 2019-njy... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistan BMG bilen işsizlik meselesini maslahatlaşdy

BMG missiýasynyň delegasiýasy 21-nji iýunda TSTB-niň işi bilen tanyşdy diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň saýty habar berýär.  Resmi maglumata görä, türkmen telekeçileri BMG-niň terrorizme garşy taslamalary durmuşa geçirmegi utgaşdyrmak boýunça bölüminiň başlygy Kristofer O.Donneliň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa bilen duşuşdy.  TSTB-niň başlygy myhmanlary öz ýolbaşçylygyndaky jemgyýetçilik guramasynyň işi, türkmen telekeçileriniň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Gazagystanyň ok-ýarag ammarynda bolan partlamalaryň sebäbi derňelýär

Gazagystanyň prezidenti Arys şäherindäki ok-ýarag ammarynda bolan we iki adamy öldüren, onlarça adamy ýaralan partlamalar sebäpli jenaýat işiniň açylandygyny aýdýar. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew 24-nji iýunda Içeri we Goranmak ministrliklerine mundan beýläk beýle partlamalara ýol bermezligi buýurdy we günäkärleriň kanun esasynda jogapkärçilige çekiljekdigini aýtdy.  Gazagystanyň premýer-ministri Askar Mamin 24-nji iýunda Arysdaky harby ammarda bolan uly partlamalar netijesinde iki adamyň, ýerli... Читать дальше...

Azathabar.com 

Şweýsariýa Gülnara Kerimowa degişli $133 millionyň Özbegistana iberiljegini aýdýar

Özbegistanyň merhum prezidentiniň gyzyna dahyllydygy aýdylýan 1 milliard dollar gowrak serişdäniň ykbaly üstünde barýan halkara çekeleşiginiň çäginde Şweýsariýa Gülnara Kerimowa bilen baglylykda konfiskasiýa edilen $133 million dollary Özbegistana iberjekdigini aýdýar. Bu karar 24-nji iýunda, martdan bäri Daşkentdäki türmede saklanylýan Kerimowanyň adaty bolmadyk bir adamlyk şikaýatyndan bir gün soňra yglan edildi. Gülnara Kerimowa öz gyzynyň instagram sahypasynda çap edilen şikaýatynda Özbegistanyň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygynda aýyplanan Begenç Beknazarowyň 50 ýaşy doldy

2002-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşykda aýyplanan Begenç Beknazarowyň 11-nji ýylda 50 ýaşy doldy. Bu barada Türkmen.News habar berýär. Garaşsyz neşir Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň öňki ofiseri Begenç Beknazarowyň ýubileý senesine gabatlap onuň Ysraýylda ýaşaýan aýal dogany bilen geçiren söhbetdeşligi çap etdi.  Begenç Beknazarow türkmen türmelerinde dereksiz ýiten türkmenistanlylaryň ykbaly barada maglumat... Читать дальше...

Azathabar.com 

Gürjüstanlylar, reforma wadalaryna garaman, bäşinji gije hem protest bildirdiler

Gürjüstanlylar, ýurduň dolandyryjy partiýasy edýän talaplarynyň ählisini berjaý etmänsoň,bäşinji gün hem Tbilisiniň köçelerine çykdylar.  Birnäçe müň adam 24-nji iýun agşam ýurduň parlament binasynyň daş işiginde toplandy, olar paýtagtyň esasy magistraly bolan Rustaweli köçesindäki hereketiň öňüni bagladylar.  Dolandyryjy Gürjüstanyň arzuwy partiýasynyň lideri Bidzina Iwanişwili, protestçileriň talaplarynyň birine boýun bolup, 2020-nji ýyldaky parlament saýlawlarynyň proporsional sistemada geçiriljekdigini aýtdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Trampyň Eýrana garşy girizen täze sanksiýasy ýokary lider Hamaneýini nyşana alýar

Iki ýurduň arasynda konflikt ähtimallygynyň güýçlenýän wagtynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýrana garşy “berk zarbaly” sanksiýalary, şol sanda ýokary lider aýatola Ali Hameneýä garşy gönükdirilen gadaganlyklary girizmek baradaky buýruga gol çekdi. Täze sanksiýalar Eýranyň liderini we oňa ýakyn adamlary “esasy maliýe serişdelerine we goldawyna elýeterlilikden” mahrum eder diýip, Tramp 24-nji iýunda bu karara gol çekende aýtdy. Ol bu temminiň yslam döwletine soňky hepdelerdäki “bozgak" hereketleri üçin berlendigini hem sözüne goşdy. Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *