Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Tramp, Erdogan S-400 gapma-garşylygynda öňegidişlik gazanmady

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Orsýetiň kämilleşdirilen S-400 ýer-asman gorag ulgamyny satyn almagy dowam etdirmezlige çagyrmak üçin türk kärdeşi Rejep Taýyp Erdogan bilen duşuşdy,


Iki lider 29-njy iýunda G20 toparynyň Osakada, Ýaponiýada geçýän sammitinde duşuşanda, Tramp Erdogana bu teklip edilýän söwdanyň “problema” bolandygyny aýtdy. 


"Bu gowy däl, bu gowy däl” diýip, Tramp gaýtalap aýtdy. Şeýle-de Tramp bu meseläni “çylşyrymly” diýip häsiýetlendirdi. 


Waşington, eger NATO agzasy Türkiýe S-400 gorag ulgamyny satyn almak işini 31-nji iýula çenli goýbolsun etmese, Ankaranyň geljekki nesilF-35 söweş uçarlaryny satyn almakdan mahrum ediljekdigini aýtdy.


Birleşen Ştatlar Türkiýäni muňa derek ABŞ-da öndürilen “Patriot” raketa ulgamyny satyn almaga çagyrdy.


Emma muňa garamazdan, Erdogan biraz öň rus prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşanda, rus liderine S-400 ylalaşygynyň “ilkinji derejeli wajyplyk” bolandygyny belledi. Ol Ankaranyň bu ylalaşyk barada gaýtadan pikir etmek alamatyny görkezmedi. 


Erdogan Tramp bilen duşuşygy mahalynda “biziň strategiki partnýorlygymyz köp ugurda raýdaşlygy talap edýär” diýdi. “Men şeýle raýdaşlygyň gelýän döwürde hem dowam etjekdigine berk ynanýaryn” diýip, ol aýtdy. 


Iki lideriň duşuşygy 35 minut çemesi wagta çekdi. 

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *