Putin Orsýet bilen ABŞ-nyň ýaraglara kontrollyk gepleşiklerini dikeldýändigini aýdýar
Rus prezidenti Wladimir Putin öz amerikan kärdeşi Donald Tramp bilen özleriniň daşary işler ministrlerine ýadro ýaraglaryna kontrollyk baradaky konsultasiýalara başlamak barada buýruk berendiklerini aýtdy. Ýaponiýanyň Osaka şäherinde, 29-njy iýunda G20 summitinden soň çykyp gürlän Putin “Biz entek munuň Täze START şertnamasynyň uzaldylmagyna alyp geljegini aýdyp bilmeýäris” diýip, 2010-njy ýylda baglaşylan we, iki ýurt uzaltmak şertnamasyny baglaşmasa, möhleti 2021-nji ýylda tamam bolýan ýaraglara kontrollyk ylalaşygyny nazara alyp aýtdy. Читать дальше...