Özbegistanyň prezidenti türkmen kärdeşini 62 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady
“Prezident Şawkat Mirziýoýew pursatdan peýdalanyp, türkmen kärdeşini doglan güni bilen gutlady we... berk jan saglyk, uzak ömür, abadançylyk, ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan köptaraply işinde uly üstünlikleri arzuw etdi” diýip, resmi habarda aýdylýar.
Söhbetdeşligiň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň çäklerindeözara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek hakynda pikir alşyldy.
Hususan-da ýangyç-energetika toplumynda, senagat, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, obasenagat toplumyndahyzmatdaşlygy ösdürmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Telefon arkaly söhbetdeşlik özbek tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.