Eýran uran baýlaşdyrmagyň derejesini ýokarlandyrýandygyny aýdýar
Eýran hökümetiniň sözçüsi Ali Rabiei 7-nji iýulda Tähranda žurnalistlere “şu gün biz uran baýlaşdyrmakda rugsat edilen 3.67 prosent derejesinden aňryk geçeris” diýdi.
Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Arakçy žurnalistlere eger-de şertnama gol çeken galan ýurtlar – Britaniýa, Hytaý, Germaniýa, Fransiýa we Orsýet Tährany ABŞ sanksiýalaryndan goramasa, Tähran her altmyş günde öz üstüne alan ýadro borçlaryny azaltmagy dowam etdirer diýdi.
Arkaçy Eýranyň bu problemany şindi hem çözmek isleýändigini, emma ýewropa ýurtlarynyň öz borçlarynyň yzynda durmagyň hötdesinden gelmeýändiklerini aýtdy.