Türkmen pälwanlary Madridde iki medala mynasyp boldular
5-8-nji iýul aralygynda geçirilen ýaryşa dünýäniň 47 ýurdundan türgenler, şol sanda Türkmenistandan hem üç sportsmen gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Balkanabat şäheriniň sport mekdebiniň tälimçisi Batyr Borjakow 70 kilogram derejesinde bäsdeşlerinden üstün çykyp, altyn medaly eýeledi.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Döwletmyrat Orazgylyjow 86 kilogram agram derejesinde çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy.