Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Июль
2019

Новости за 09.07.2019

Azathabar.com 

Çeşme: goşa raýatlaryň pasport üçin dokumentleri çäklendirilip kabul edilýär

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň sözlerine görä, goşa raýatlyga eýe bolan adamlaryň Türkmenistanyň daşary ýurt pasportyny almak üçin migrasiýa gullugyna ýüz tutanlarynda dokumentler çäklendirmeler bilen kabul edilýär. "Aşgabatda Orsýetiň raýatlygyny 2015-nji ýylyň maý aýyndan soň alan şahslaryň dokumentlerini kabul etmekden ýüz öwürýärler. Dokumentler kabul edilende, karara entek gol çekilmändigi duýdurylýar we muňa haçan garaşmalydygyny aýtmaýarlar" diýip, gizlinlik şertlerinde söhbetdeş bolan çeşmämiz aýdýar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Atambaýew soraga gelmek baradaky çagyryş hatyna boýun bolmakdan ýüz öwürdi

Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Almazbek Atambaýew Içeri işler ministrliginiň Bişkekdäki edarasyna aýdyňlaşdyrylmadyk jenaýat derňewi boýunça soraga gelmek baradaky çagyryş hatyna boýun bolmakdan ýüz öwürdi. Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň resmileri çagyryş hatyny Atambaýewiň Bişkegiň etegindäki Koi-Taş obasyndaky jaýyna 8-nji iýulda gowşurdylar. Dokumentde Atambaýewiň 9-njy iýulda jenaýat derňewi boýunça “şaýat hökmünde” polisiýa gelmelidigi aýdylýar. Emma iş bilen baglylykda başga goşmaça maglumat berilmeýär. Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmen pälwanlary Madridde iki medala mynasyp boldular

Türkmen pälwanlary Madridde geçirilen erkin göreş boýunça “Ispaniýanyň Gran-pri” halkara ýaryşynda bir altyn we bir bürünç medallary almagy başardylar. 5-8-nji iýul aralygynda geçirilen ýaryşa dünýäniň 47 ýurdundan türgenler, şol sanda Türkmenistandan hem üç sportsmen gatnaşdy diýip, TDH habar berýär. Balkanabat şäheriniň sport mekdebiniň tälimçisi Batyr Borjakow 70 kilogram derejesinde bäsdeşlerinden üstün çykyp, altyn medaly eýeledi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji... Читать дальше...

Azathabar.com 

Gürji žurnalisti Putin baradaky paýyş sözlerinden soň iki aý işinden çetleşdirildi

Gürjüstanyň oppozisiýa tarapyndan dolandyrylýan Rustawi-2 tele-kanaly žurnalist Giorgi Gabuniany – onuň rus prezidenti Wladimir Putine garşy aýdan gödek we paýyş sözleri üçin – 2 aý möhlet bilen işinden çetleşdirdi. 8-nji iýulda Rustawi-2 özüniň efirini alty sagat kesipdi. Mundan öň, ýüzlerçe demonstrant žurnalistiň Putin baradaky belliklerine garşy protest geçiripdi. Giorgi Gabunianyň “Postscript” gepleşiginde rus dilinde eden bellikleri gürji prezidenti Salome Zurabişwili tarapyndan “prowokasiýa” atlandyrylyp, ýazgaryldy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Armiýa başlygy: Britaniýanyň eýran tankerini ele geçirmegi “jogapsyz galdyrylmaz”

Gibraltaryň kenar ýakalarynda Eýranyň nebit tankeriniň Britaniýanyň deňiz güýçleri tarapyndan ele geçirilmegi “jogapsyz galdyrylmaz” diýip, Eýranyň harby güýçleriniň baş ştabynyň başlygy, general-maýor Mohammad Bagheri belledi. “Eýranyň nebit tankeriniň toslama aýyplamalar esasynda ele geçirilmegi... jogapsyz galdyrylmaz. Zerur halatynda Tähran degişli jogaby berer” diýip, Bagheri 9-njy iýulda çykyş etdi. 4-nji iýulda britan deňiz güýçleri Gibraltaryň kenar ýakalarynda Eýranyň Grace 1 supertankerini... Читать дальше...

Azathabar.com 

Inguşystanyň ozalky başlygy Russiýanyň goranmak ministriniň orunbasary boldy

Russiýanyň Inguşystan regionynyň ozalky başlygy Russiýanyň goranmak ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi. Rus prezidenti Wladimir Putiniň 8-nji iýulda kabul eden kararyna laýyklykda, Ýunus-Bek Ýewkurowyň harby çini hem general-leýtenant derejesine çenli ýokarlandyryldy. Inguşystana 11 ýyllap ýolbaşçylyk eden Ýewkurow wezipesinden geçen aý çekilipdi. Inguşystanda goňşy Çeçenistan bilen ýer böleklerini çalyşmak baradaky dawaly ylalaşykdan soň tolgunmalar döräpdi. 2018-nji ýylyň sentýabrynda Ýewkurow we çeçen lideri Ramzan Kadyrow... Читать дальше...

Azathabar.com 

Halilzad “Talyban” bilen gepleşiklerde “uly progresiň” gazanylandygyny aýtdy

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad ABŞ-“Talyban” gepleşikleriniň soňky tapgyrynyň “iň netijeli” bolandygyny aýtdy. Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Halilzad “uly progresiň” gazanylandygyny hem belledi. Halilzad Katarda geçýän Owgan-ara dialogynyň ilkinji gününiň jemleri boýunça, ýagny 7-nji iýulda Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna interwýu berdi. Iki günläp dowam etjek Owgan-ara dialogyna ilkinji gezek owgan hökümetiniň resmileri hem gatnaşyp, “Talybanyň” wekilleri bilen ýüzbe-ýüz duşuşdylar. Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *