Armiýa başlygy: Britaniýanyň eýran tankerini ele geçirmegi “jogapsyz galdyrylmaz”
Gibraltaryň kenar ýakalarynda Eýranyň nebit tankeriniň Britaniýanyň deňiz güýçleri tarapyndan ele geçirilmegi “jogapsyz galdyrylmaz” diýip, Eýranyň harby güýçleriniň baş ştabynyň başlygy, general-maýor Mohammad Bagheri belledi.
“Eýranyň nebit tankeriniň toslama aýyplamalar esasynda ele geçirilmegi... jogapsyz galdyrylmaz. Zerur halatynda Tähran degişli jogaby berer” diýip, Bagheri 9-njy iýulda çykyş etdi.
4-nji iýulda britan deňiz güýçleri Gibraltaryň kenar ýakalarynda Eýranyň Grace 1 supertankerini, Siriýa nebiti daşamak sanksiýalaryny bozmakda aýyplap, saklapdy.
Eýran nebit tankeriniň dessine goýberilmegini talap etdi. 5-nji iýulda Eýranyň Rewolýusiýa Sakçylary muňa jogap edip britan gämisini ele geçirmek bilen haýbat atdy.
Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Zarif gäminiň saklanmagyny “galtamançylyk” atlandyrdy, şeýle-de “munuň howply tejribäni döredýändigini we munuň dessine togtadylmalydygyny” aýtdy.
Gibraltaryň ýokary sudy tankeri 14 gün saklamak boýunça degişli rugsatnamany berdi.