Inguşystanyň ozalky başlygy Russiýanyň goranmak ministriniň orunbasary boldy
Russiýanyň Inguşystan regionynyň ozalky başlygy Russiýanyň goranmak ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.
Rus prezidenti Wladimir Putiniň 8-nji iýulda kabul eden kararyna laýyklykda, Ýunus-Bek Ýewkurowyň harby çini hem general-leýtenant derejesine çenli ýokarlandyryldy.
Inguşystana 11 ýyllap ýolbaşçylyk eden Ýewkurow wezipesinden geçen aý çekilipdi. Inguşystanda goňşy Çeçenistan bilen ýer böleklerini çalyşmak baradaky dawaly ylalaşykdan soň tolgunmalar döräpdi.
2018-nji ýylyň sentýabrynda Ýewkurow we çeçen lideri Ramzan Kadyrow, özara gizlin gepleşiklerden soň, serhet ylalaşygyny baglaşypdylar. Inguşystanly aktiwistler bu dokumentiň Çeçenistana ýerleri bikanun geçirýändigini aýdyp, onuň kanuny güýjüniň ýokdugyny belläpdiler.
Mundan soň, Ýewkurowyň sebitdäki meşhurlygy göz-görtele peseldi.
Inguşystanda ylalaşyga garşy geçirilen ençeme köpçülikleýin protestler polisiýa tarapyndan gazaply basylyp ýatyrylypdy.