Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Çeşme: goşa raýatlaryň pasport üçin dokumentleri çäklendirilip kabul edilýär

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň sözlerine görä, goşa raýatlyga eýe bolan adamlaryň Türkmenistanyň daşary ýurt pasportyny almak üçin migrasiýa gullugyna ýüz tutanlarynda dokumentler çäklendirmeler bilen kabul edilýär.

"Aşgabatda Orsýetiň raýatlygyny 2015-nji ýylyň maý aýyndan soň alan şahslaryň dokumentlerini kabul etmekden ýüz öwürýärler. Dokumentler kabul edilende, karara entek gol çekilmändigi duýdurylýar we muňa haçan garaşmalydygyny aýtmaýarlar" diýip, gizlinlik şertlerinde söhbetdeş bolan çeşmämiz aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň sözlerine görä, soňky günlerde daşary ýurt pasportyny almak üçin dokumentlerini tabşyranlaryň arasynda Orsýetiň raýatlygyny 2003-nji ýyldan soň alan, emma ene-atalary Orsýetiň raýatlary bolan adamlar bar. 

"Ejesinde ýa-da kakasynda Orsýetiň raýatlygy bolan adamlaryň pasport üçin dokumentleriniň kabul edilip başlanandygy anyk. Emma 2014-nji ýyla çenli käbir çäklendirmeler bar. Munuň nämä bilen baglydygy entek belli däl" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar. 

Azatlygyň habarçysy daşary ýurt pasportyny almak üçin Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyna dokument tabşyran azyndan üç maşgala barada maglumat berýär. 

​"Aýaly öz adamsynyň raýatlygynyň esasynda dokumentlerini tabşyrdy. Olar köpden bäri maşgala, iki çagasy bar. Aýaly we iki çagasy üçin dokumentleri tabşyrdylar. Öň bu mümkin däldi, aýaly bahar aýlarynda-da wiza etdirmeli bolýardy" diýip, habarçymyz maşgalalaryň biri barada gürrüň berýär. 

​Azatlyk Radiosy bu maşgalalaryň howpsuzlygyny berjaý etmek maksatly olar barada jikme-jik maglumat bermekden saklanýar. 

Azatlyk Radiosynyň habarçylary goşa raýatlaryň Türkmenistanyň daşary ýurt pasporty üçin dokumentleriniň kabul edilmeginiň soňky iki hepdäniň dowamynda alnyp barylýandygyny anykladylar. 

Türkmenistanyň we Orsýetiň arasynda goşa raýatlyk ylalaşygy 10 ýylyň dowamynda hereket edip, 2003-nji ýylyň aprel aýynda ýatyryldy. Türkmenistan goşa raýatlygy ýatyrmak barada protokola gol çekmeginiň yzýany ony ratifisirledi we türkmenistanlylaryň diňe bir ýurduň raýatlygyny saklap galmagyny talap etdi. Türkmenistanyň Migrasiýa resmileri Orsýetiň raýatlygyny saklap galmak islän türkmenistanlylara daşary ýurt pasportyny bermekden ýüz öwürdi.

Orsýet Federasiýasy Türkmenistan bilen goşa raýatlygy ýatyrmak barada gol çeken dokumentini ratifisirlemedi.

2015-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň we Orsýetiň arasyndaky "Goşa raýatlyk meselesini kadalaşdyrmak boýunça ylalaşyk" öz güýjüni ýitirdi. 

​4-nji iýulda Azatlygyň Moskwadaky we Aşgabatdaky çeşmeleri hem habarçylary Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň Orsýetiň raýatlygyny 2003-nji ýyldan soň alan türkmenistanlylara daşary ýurt pasportyny bermek boýunça dokumentleri kabul edip başlandygyny habar berdiler. 

Bu barada resmiler tarapyndan maglumat bolmady.  

9-njy iýulda Azatlyk Radiosyna Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy bilen habarlaşmak başartdy. Emma Migrasiýa gullugynda goşa raýatlara pasport bermek işine başlanyp başlanmandygyny ne tassykladylar, ne-de inkär etdiler. Sowalymyzy diňläp garaşmagy soradylar we soň trubkany goýdular. Ondan soň jaňa asla jogap bermediler. 

Orsýet resmileriniň sözlerine görä, goşa raýatlygy bolan şahslara daşary ýurt pasportyny bermek barada 2017-nji ýylyň güýzünde Orsýetiň we Türkmenistanyň prezidentleriniň arasynda bolan duşuşykda ylalaşylypdyr.     

2018-nji ýylyň dekabr aýynda Orsýetiň Daşary işler ministrligi Türkmenistandaky goşa raýatlyga eýe bolan raýatlarynyň ykbaly barada ýakyn wagtda maglumat berilmegine garaşýandygyny mälim etdi.​

Türkmenistanda Orsýetiň raýatlygyny 2003-nji ýyldan soň alan türkmenistanlylaryň sany barada resmi maglumatlar elýeterli däl. Garaşsyz çeşmeleriň maglumatlarynda 10-12 müň adamdan ybarat san agzalýar.

​​Rus dilinde okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Пробки на трассах Подмосковья вечером 3 июня достигли 5 баллов

Чем закончится чемпионат Англии по футболу? «Арсенал» - «Эвертон» и «Манчестер Сити» - «Вест Хэм Юнайтед» и другие.

В Подмосковье стартовала акция МосОблЕИРЦ «Удача в быстрых платежах»

«Чебурашка» вернулся на съёмочную площадку

Музыкальные новости

Собянин открыл пешеходную галерею между станциями метро и МЦД-4 Кутузовская

«Зенит» добыл волевую победу в матче с «Балтикой» и завоевал Кубок России

Более 30 компаний из Нижегородской области пришли на первую встречу регионального сообщества инклюзивного бизнеса «Открыто для всех»

Преступления мигрантов с рынков азербайджанского олигарха Года Нисанова продолжают шокировать Москву

Новости России

Более 200 картин 80 живописцев представили на летней выставке в Химках

Центральный музей Росгвардии и Мариупольский краеведческий музей заключили соглашение о сотрудничестве

Глава Ингушетии прокомментировал арест брата и указал на верховенство закона

Жителям Лобни напомнили о сборе гуманитарной помощи для бойцов СВО

Экология в России и мире

3 детские зубные щетки "Ревилайн" по цене 2 в магазине "Ирригатор.ру" ко Дню защиты детей

В филиалах АО "Желдорреммаш" прошли мероприятия ко Дню защиты детей

Россияне решили этим летом меньше отдыхать на курортах

Улыбка сделала слушателя «Юмор FM» миллионером

Спорт в России и мире

Организм был не в состоянии: Потапова прокомментировала поражение на «Ролан Гаррос»

Медведев вышел в 1/8 финала «Ролан Гаррос» — 2024

Медведев высказался об игре Свёнтек

Мирра Андреева впервые вышла в четвертьфинал турнира Большого шлема

Moscow.media

Водитель "Лифана" погибла после аварии с фурой

Рассказ про зятя. Хоть и не про котиков, но тож смешной

Правительство РФ направило дополнительные средства на завершение строительства трассы Гузерипль – плато Лагонаки в Адыгее

Дизельный, рамный, с блокировками. Новый внедорожник скоро появится в России







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *