Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabadyň häkimiýetleri hususy taksiçileri tutmagyň ýene bir 'usulyny' tapdylar

Aşgabadyň häkimiýetleri hususy taksiçileri tutmagyň ýene bir 'usulyny' tapdylar

Aşgabadyň häkimiýetleri hususy awtoulagynda kireý edýän raýatlary saklamak boýunça täze usullary oýlap tapýarlar.

Bu barada habar berýän Azatlygyň paýtagtdaky habarçylary, şu günler köçede taksi saklamaga synanyşýan ýolagçylaryň gapdalynda köplenç adaty geýimli nätanyş adamlaryň birden peýda bolýandygyny we geçip barýan awtoulagyň saklanan ýagdaýynda olaryň ulag sürüjini saklap jerime salýandygyny habar berýärler.

- Ulagy saklamaga synanyşýan ýolagçylaryň gapdalynda graždan geýimli bir adam gelip durýar, golaýda bolsa bir awtoulag hem durandyr. Köpüsi saklanman geçýärler. Meniň özüme iki sany waka mälim boldy, saklanan awtoulaglaryň adamlary mündüren badyna, olary sakladylar we ýolagçylary düşürdiler, "bozujylary" bolsa jogaba çekdiler, - diýip, habarçymyz 28-nji iýulda gürrüň berdi.

Bu ýagdaýlar Aşgabatda hususy taksileriň gadagan edilmeginiň, döwlet taksileriniň gytçylygynyň we gymmatlamagynyň fonunda bolup geçýär. Hususy awtoulagynda kireý edýänleri köpçülikleýin tutup-jezalandyrmak boýunça kampaniýa aprel aýynda içeri işler ministri Iskender Mulikowyň prezidentiň ýene bir berk käýinjine eýe bolmagyndan soň güýçlendi. 

​Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, şu günler Aşgabatda döwletiň taksilerini tutmak ýa-da telefon arkaly çagyrmak örän kyn, berk yzarlanýan hususyýetçiler bolsa seýrek saklanýarlar.

- Şu yssyda Aşgabatda döwlet taksilerini tutmak kyn, hususyýetçileriň bolsa, geçen hepde-de, şol sanda ýekşenbe güni awlanmagynyň täze tapgyry başlandy. Gündiz maşyn saklamak hasam kyn. Adamlar hiç bolmanda hususyýetçileri saklamaga synanyşýarlar - diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 28-nji iýulda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, şu güNler paýtagtda jemgyýetçilik transporty hem kadaly işlemeýär, awtobuslar wagtynda ýöremeýär, köçeler yzly-yzyna ýapylyp durýar. Bu ýagdaýda ýaşaýjylaryň şäheriň içinde hereket etmek mümkinçilikleri çäklenýär. 

Iýun aýynda polisiýanyň hususy awtoulagynda kireý edýänlere garşy çärelerine salgyt edaralaryň işgärleri hem goşuldylar. 

Hususy taksilere garşy göreş Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda hem giňden alnyp barylýar. Mary welaýatynda ýol gözegçilik polisiýasy öz awtoulagynda kireý edýänler bilen bilelikde adaty ulag eýelerini hem saklap, dürli bahanalary gözläp, jerimä sezewar edýär.

Azatlygyň regiondaky habarçysy ulag eýeleriniň köpüsiniň ýurtda polisiýa bilen jedelleşmegiň oňyn netije bermeýändigini bilip, jerime tölemäge ýa-da resmi jerimä derek, soralýan puluň ýarysyny para görnüşinde berip sypmaga kaýyl bolýarlar. Şol bir wagtda-da, Balkan welaýatynda hususy awtoulagynda kireý edýän sürüjiler birinji gezek tutulanda 300 manat, ikinji gezek 600 manat jerimä sezewar edilýärler. Üçünji gezek tutulanyň sürüjilik şahadatnamasy elinden alynýar.

Azatlyk Radiosyna jerimeleriň resmi derejede göz öňünde tutulan möçberini  Aşgabadyň polisiýasynyň özünden we ýol gözegçilik polisiýasynyň özünden anyklamak başartmady. 

Türkmenistanda 2016-njy ýylda güýje giren düzgünlerde, ýurtda hususy taksi hökmünde gazanç etmek üçin azyndan 12 adamyň gatnaşmagynda bileleşikleriň döredilmegi göz öňünde tutulýar.     

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Красота православных храмов (#391)

В Москве прошел благотворительный хоккейный матч в пользу подопечных фонда «Настенька»

Скидки на звуковые щетки и зубную пасту для детей от компании "Ревилайн" до 6 июня 2024 года

Городские службы Москвы ликвидируют последствия непогоды и сильного ветра

Музыкальные новости

Стали известны все участники РПЛ сезона-2024/2025

Артисты – они все особенные!

Пушинка из Космоса спасёт либо снесёт США? Научные важные данные. Проект «Святой Ленин».

Аккумулятор неанонсированного Samsung Galaxy Z Fold6 Ultra сертифицировали

Новости России

В Петербурге завели дело после отравления девушки на сеансе татуажа

Что под водой? На каких пляжах Москвы разрешено купаться

Столичный суд признал политика Эйдельштейна официальным сыном Жириновского

В Королеве продолжается капремонт стадиона «Чайка»

Экология в России и мире

Победитель фирменной игры «Авторадио» получил ключи от Oting Паладин

Россияне решили этим летом меньше отдыхать на курортах

«585*ЗОЛОТОЙ» выступила партнером медиафестиваля творческой молодежи YOUPITER

Eurasianet: Азербайджан публично и цинично уничтожает армянское культурное и историческое наследие в Нагорном Карабахе

Спорт в России и мире

Азаренко не смогла выйти в 1/16 финала открытого чемпионата Франции по теннису

Бывшая российская теннисистка спела гимн Франции: «Я здесь дома»

Синнер повторил уникальное достижение Джоковича и Надаля на турнирах «Большого шлема»

17-летний россиянин Даниил Саркисян разгромил Форбса из США на юниорском «Ролан Гаррос»

Moscow.media

Как сделать транспортно-логистическую отрасль безопаснее?

Дизельный, рамный, с блокировками. Новый внедорожник скоро появится в России

Более 40 тысяч семей в Москве и области получают ежемесячные выплаты из средств материнского капитала

Вечернее поле.







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *