Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Июль
2019

Новости за 29.07.2019

Azathabar.com 

Aşgabadyň häkimiýetleri hususy taksiçileri tutmagyň ýene bir 'usulyny' tapdylar

Aşgabadyň häkimiýetleri hususy awtoulagynda kireý edýän raýatlary saklamak boýunça täze usullary oýlap tapýarlar. Bu barada habar berýän Azatlygyň paýtagtdaky habarçylary, şu günler köçede taksi saklamaga synanyşýan ýolagçylaryň gapdalynda köplenç adaty geýimli nätanyş adamlaryň birden peýda bolýandygyny we geçip barýan awtoulagyň saklanan ýagdaýynda olaryň ulag sürüjini saklap jerime salýandygyny habar berýärler. - Ulagy saklamaga synanyşýan ýolagçylaryň gapdalynda graždan geýimli bir adam gelip durýar... Читать дальше...

Azathabar.com 

Russiýanyň Irutsk regionyndan, agyr ýagynlar sebäpli, müňe golaý adam ewakuasiýa edildi

Russiýanyň Irkutsk regionyndan, agyr ýagynlar sebäpli, müňden hem aşa adam ewakuasiýa edildi. 29-njy iýulda Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligiň ýerli edarasynyň beren maglumatyna görä, mundan bir gün öň sebitiň alty etrabyny suw basypdyr. “Umumy hasap bilen 1 müň 76 adam, şol sanda 615 çaga ewakuasiýa edildi” diýip, beýanatda aýdylýar. Suw joşmasy iýunyň aýaklarynda başlap, ol sebitiň 11 müň töweregine jaýyna we 43 müňe golaý ilatyna täsir ýetirdi diýip, TASS gullugy habar berýär. Читать дальше...

Azathabar.com 

Nawalnynyň ýerleşdirilen keselhanasynyň daşynda ýygnanan adamlar dargadyldy, žurnalist tussag edildi

Moskwada polisiýa rus oppozisiýa aktiwisti Alekseý Nawalna bejergi berilýän türme keselhanasynyň daşyna ýygnanan 20-ä golaý adamy dargatdy we bir žurnalisti saklady. Nawalnynyň şahsy lukmany onuň saglyk ýagdaýynyň “aýdyňlaşdyrylmadyk himiki maddanyň” täsiri sebäpli ýaramazlaşan bolmagynyň mümkindiginiň aýtdy. Twitterde ýerleşdirilen wideo ýazgyda, polisiýanyň keselhananyň daşyna ýygnan adamlary dargadýan pursatlaryny synlasa bolýar. Keselhananyň daşynda waka barada janly efirde maglumat beren... Читать дальше...

Azathabar.com 

Owgan prezidentiniň saýlaw egindeşine edilen hüjümde azyndan 20 adam öldi

Owganystanda prezident Aşraf Ganiniň saýlaw egindeşi Amrullah Salehiň edarasynda ýüze çykan atyşykda hem-de bomba hüjüminde azyndan 20 adam öldi. Hüjümde başga-da 50 töweregi adamyň ýaralanandygy aýdylýar. Dört gatly binanyň daşynda amala aşyrylan bomba hüjüminden soň, hüjümçiler binanyň içine kürsäp girdiler. Owgan howpsuzlyk güýçleri bilen hüjümçileriň arasyndaky ok atyşyk alty sagada çekdi. Owgan resmileriniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, ok atyşykda azyndan üç hüjümçi öldürilipdir... Читать дальше...

Azathabar.com 

Eýran Pars Aýlygyna ikinji britan harby gämisiniň gelmegine protest bildirdi

Britaniýanyň ikinji harby gämisi Pars Aýlygyna geldi. Bu aralykda, Eýran Britaniýanyň Ýewropanyň ýolbaşçylygynda sebitdäki tankerleriň ýany bilen ýüzjek deňiz missiýasyny esaslandyrmak teklibini “prowokasiýa” atlandyrdy. Britaniýanyň Goranmak ministrliginiň beren maglumatyna görä, HMS Dunkan esminsi, “Britaniýanyň baýdagy astynda hereket edýän gämileriň howpsuz geçişini goldamak üçin” – HMS Montrose frigatyna goşulypdyr. Eýran hökümetiniň metbugat wekili Ali Rabieli Britaniýanyň Ýewropanyň gämilerini... Читать дальше...

Azathabar.com 

Nigeriýada “Boko Haram” jeňçileri bolmakda öýdülýänler 65 adamy öldürdi

Nigeriýanyň demirgazyk-gündogaryndaky bir obada “Boko Haram” ekstremistiki toparynyň jeňçileri bolmakda öýdülýänleriň hüjümi netijesinde azyndan 65 adam öldi. Ýerli medianyň 28-nji iýulda beren maglumatyna görä, hüjümiň ýüze çykan pursady adamlar jynaza çäresinden dolanyp gelýän ekenler. 27-nji iýulda amala aşyrylan hüjümde başga-da köp sanly adamyň ýaralanandygy habar berilýär. Nganzainiň geňeş başlygy Muhammad Bulamanyň “Reuters” agentligine aýtmagyna görä, bu şu ýylyň hasabyna Borno sebitde amala aşyrylan iň ganly hüjüm bolupdyr. Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *