ABŞ Ortaýer deňzindäki ähli portlara Eýranyň tankerine hemaýat bermezlik barada duýdurdy
Tankere beriljek islendik hemaýat Eýranyň Yslam Rewolýusiýa sakçylary güýçlerine edilen kömek hökmünde häsiýetlendiriler. Waşington Sakçylary daşary ýurtly terroristik gurama hökmünde häsiýetlendirýär.
Tankere ediljek hemaýatyň mümkin migrasiýa we jenaýat netijeleri bolup biler diýip, Döwlet departamentiniň atlandyrylmasyzlygyny soran resmisi aýtdy.
Ozal “Grace 1”, häzir hem “Darya 1” diýlip atlandyrylýan supertanker 19-njy awgustda Gibraltary terk edipdi. Ol Ýewropa Bileleşiginiň Siriýa boýunça girizen sanksiýalaryny bozmakda aýyplanyp, 45 gün tussaglykda saklanypdy.
18-nji awgustda Gibraltaryň resmileri ABŞ-nyň tankeri saklamak baradaky çagyryşyny ret etdiler.