Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Август
2019

Новости за 20.08.2019

Azathabar.com 

Aşgabadyň aeroportunda uly nobatlar döredi

Aşgabadyň halkara aeroportunda “dosadka”, ýagny uçara münmedik ýolagçylaryň deregine bilet satyn almak üçin garaşýan adamlaryň uly nobaty emele geldi.

Azathabar.com 

ABŞ Ortaýer deňzindäki ähli portlara Eýranyň tankerine hemaýat bermezlik barada duýdurdy

ABŞ Gresiýa, şeýle-de Ortaýer deňzindäki ähli portlara, Waşingtonyň Siriýa nebiti daşamakda güman edýän we sanksiýalara düşen gurama bilen baglary bolmakda şübhelenýän, Eýranyň tankerine hemaýat bermezlik barada duýduryş berdi. Bu barada Reuters agentligi ABŞ-nyň Döwlet departamentindäki çeşmesine salgylanyp maglumat berýär. Tankere beriljek islendik hemaýat Eýranyň Yslam Rewolýusiýa sakçylary güýçlerine edilen kömek hökmünde häsiýetlendiriler. Waşington Sakçylary daşary ýurtly terroristik gurama hökmünde häsiýetlendirýär. Читать дальше...

Azathabar.com 

Özbek resmileri Gülnara Kerimowa garşy täze jenaýat işini gozgadylar

Özbek resmileri ýurduň ozalky prezidenti Yslam Kerimowyň uly gyzy Gülnara Kerimowa garşy jenaýat işiniň gozgalandygyny mälim etdiler. Kerimowa gaplykda aýyplanyp martdan bäri Daşkentdäki türmede tussaglykda saklanylýar. Baş prokuraturanyň 19-njy awgustda beren maglumatyna görä, Kerimowa döwletiň eýeçiligindäki iki sement desgasynyň paýlaryny bikanun satyn almakda, soňy bilen-de olary daşary ýurtly telekeçä satmakda aýyplanýar. Beýanatda aýdylmagyna görä, onuň daşary ýurtly telekeçileriň “bikanun hereketlerine howandarlyk etmegi netijesinde... Читать дальше...

Azathabar.com 

Berdimuhamedow işlemeýän bankomatlar üçin Merkezi bankyň başlygyna ‘käýinç’ berdi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtdaky “bankomatlaryň işleýşine gözegçiligi gowşadandygy üçin” diýen kesgitleme bilen Merkezi bankyň başlygy Merdan Annadurdyýewe käýinç yglan etdi. 19-njy awgustda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň dowamynda Berdimuhamedow ýurduň banklarynda maliýe serişdeleriniň ýeterlik mukdarynyň bardygyny öňe sürüp,  bankomatlaryň sazlaşykly işine gözegçiligiň ýola goýulmagynyň “döwrüň talaby bolup durýandygyny” aýtdy. Bellesek, Azatlyk Radiosy bankomatlardaky uly nobatlar... Читать дальше...

Azathabar.com 

Döwlet departamentiniň ýokary derejeli resmisi Merkezi Aziýa sapar edýär

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dawid Hale (David Hale) 20-23-nji awgust aralygynda Merkezi Aziýa döwletlerine sapar edýär. Saparyň esasy maksady 21-nji awgustda Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltanda Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň sammitine gatnaşmakdan ybaratdyr. “C5+1” hem diýlip bilinýän bu sammitde Hale Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri bilen duşuşyp, ýokary derejedäki gepleşikleri geçirer. “C5+1”... Читать дальше...

Azathabar.com 

Atambaýewiň deslapky tussaglygynyň möhleti 26-njy oktýabra çenli uzaldyldy

Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Almazbek Atambaýewiň deslapky tussaglygynyň möhleti 26-njy oktýabra çenli uzaldyldy. 20-nji awgustda Bişkegiň Birinji Maý etrap sudy derňewçileriň Atambaýewiň deslapky tussaglygynyň möhletini uzaltmak baradaky arzasyny kabul etdi. Mundan öň, öňki gyrgyz prezidentiniň 26-njy awgusta çenli deslapky tussaglykda saklanmalydygy barada karar çykarylypdy. Atambaýewiň aklawçysy Zamir Jooşew suduň çykaran bu kararyny şikaýat etjekdigini aýtdy. Polisiýa bilen iki güne çeken gapma-garşylykdan soň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Täzelikler

Dünýäniň dürli regionlarynda we Türkmenistanda şu günki bolan we bolup duran soňky wakalar barada gysgaça habarlar.




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *