Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

18 ýaşly esger goşun gullugynda ýogaldy

18 ýaşly esger goşun gullugynda ýogaldy

Türkmenistanda gysga wagtda ýene bir esger harby gullugyny berjaý edýän wagtynda näbelli ýagdaýda aradan çykdy.

Balkanabat şäherinde gulluk eden 18 ýaşly Öwezaly Ekaýew, resmileriň aýdyşyna görä, 20-nji awgustda irden aradan çykypdyr. 

Şol günüň özünde-de onuň jesedini öýüne getirip, ene-atasyna gowşurypdyrlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy 21-nji awgustda habar berdi.    

- Ony, ene-atasyna gowşurylan badyna, dessine jaýladylar. 16:00 töwereginde getirdiler, eýýäm 17:30-da bolsa, öýüniň golaýyndaky gonamçylykda jaýladylar. Olar Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Garawul daýhan birleşiginde ýaşaýarlar. Onuň garyndaşlaryndan bu barada habar ýaýratmazlyk barada dil hatyny aldylar" diýip, Azatlygyň habarçysy merhum esgeriň tanyşlaryna salgylanyp, habar berdi. 

Azatlyk Radiosyna Ekaýewiň tanyşlary tarapyndan berlen maglumata görä, ony üç aý mundan öň, maý aýynda Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň harby bölümi harby gulluga çagyrypdyr we Balkanabat şäherinde gulluk edipdir. Ol mundan öň hiç wagtda saglygyndan şikaýat etmändir.   

- Men maşgalanyň tanyşlarynyň biri bilen söhbetdeş boldum, ol ýigidiň gullukdaky birinji günden başlap, harby bölümdäki ýaramaz iýmitden we arassaçylyk şertleriniň erbetliginden şikaýat edipdi. Ene-atasy oňa aç bolmazlygy üçin birnäçe gezek pul iberipdi. Emma tanyşlarynyň sözlerine görä, oglan sagatdy, saglyk barlagyndan geçipdi we onuň bar zady düzüwdi - diýip, habarçymyz aýdýar.

Onuň sözlerine görä, häkimiýetler esgeriň aradan çykmagynyň sebäplerini garyndaşlaryna düşündirmändirler. Emma merhumyň ýakynlary onuň teninde ençeme gan öýmeleriň bolandygyny aýdýarlar. 

- Munuň jeset tegmilleri bolmagy mümkin, emma ýakynlary onuň zorlukdan ölendigini pikir edýärler. Merhumy getiren harby bölümiň we polisiýanyň wekilleri maglumat ýaýratmazlyk hakynda dil hat aldylar we gol çekmeseler, jesedini bermejegini aýdyp, gorkuzdylar. Häzir olary gözegçilik astynda saklaýarlar - diýip, habarçymyz aýdýar.

Bu ýagdaý soňky bir aýa golaý wagtda türkmen goşunynda gulluk edýän esgerleriň ölümi bilen bagly köpçülige mälim bolan ikinji wakadyr.

29-njy iýulda Azatlyk Radiosyna 19 ýaşly esgeriň näbelli bir ýagdaýda aradan çykandygy we onuň 26-njy iýulda maşgalasyna tabşyrylandygy mälim boldy. 

 

 

Suleýman Orazow 2018-nji ýylyň noýabr aýynda harby gulluga çagyrylypdy. Onuň ýakynlarynyň sözlerine görä, ýigidiň garnynda gyýlan we gödek tikilen kesik bardy, içki organlary we beýnisi alnypdy, arkasynda içine esgi dykylan deşikleriň ençemesi bardy.

Azatlyk Radiosy soňky waka, ýagny Öwezaly Ekaýewiň ölümi bilen baglylykda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginden resmi maglumat alyp bilmedi. Mundan öň 19 ýaşly Suleýman Orazowyň ölümi bilen baglylykda Goranmak ministrliginde bu barada Azatlyk Radiosyna kommentariý berip bilmejekdiklerini aýtdylar. 

Emma Azatlyk Radiosynyň habaryndan soň türkmen häkimiýetleri Suleýman Orazowyň maşgalasyna maddy kömek berdiler. 

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we diňleýjileriniň sözlerine görä, Türkmenistanyň ýaragly güýçlerinde esgerleriň eden-etdiliklere, parahorluga, zorluga, şol sanda ýenjilmelere sezewar edilmegi we esgerleriň ölýän halatlary seýrek däl.

​Rus dilinde okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

В Орехово-Зуеве объявлен конкурс по текущему ремонту МУК КДЦ «Дулевский»

Апелляционный суд отклонил жалобу Linde на взыскание 112 млрд рубл. в пользу РусХимАльянса

Guardian: Ученому Култхарту запретили исследовать загадочное заболевание мозга

Бесплатное мороженое раздавали в День защиты детей в парках Балашихи

Музыкальные новости

Стали известны все участники РПЛ сезона-2024/2025

VK Fest 2024: Музыка и Развлечения на Открытых Площадках России

"Евро-Футбол.Ру": "Спартак" не будет подписывать камерунского форварда Абубакара

Один из лидеров «Салавата Юлаева» подписал контракт с ЦСКА: теперь официально

Новости России

Андрея Иванова переизбрали главой Одинцовского округа

Команда «Ахмат» победила в первом этапе регаты имени Игоря Ченцова на ПМЭФ

Итоги акции «Судебные приставы — детям» подвели в Подмосковье

Апелляционный суд отклонил жалобу Linde на взыскание 112 млрд рубл. в пользу РусХимАльянса

Экология в России и мире

Фотопрогулка по советским городам. Классная серия!

Раскрыт секрет, как и где отдохнуть в России летом за 11 тыс. рублей

Скидки на звуковые щетки и зубную пасту для детей от компании "Ревилайн" до 6 июня 2024 года

Пегас сделал важное заявление по Египту: стали известны цены на туры на предстоящую зиму

Спорт в России и мире

Бывшая российская теннисистка спела гимн Франции: «Я здесь дома»

Мирра Андреева впервые вышла в четвертьфинал турнира Большого шлема

Азаренко не смогла выйти в 1/16 финала открытого чемпионата Франции по теннису

Ролан Гаррос. Расписание 2 июня. Потапова и Швентек сыграют первым запуском, Синнер – последним

Moscow.media

ALMI Partner подводит итоги ЦИПР-2024

Водитель "Лифана" погибла после аварии с фурой

У «Грузовичкоф» появился чудесный чудик

Торжественное возложение цветов к памятному знаку «Юным героям — партизанам и подпольщикам» в Феодосии







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *