Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Август
2019

Новости за 21.08.2019

Azathabar.com 

Täzelikler

Dünýäniň dürli regionlarynda we Türkmenistanda şu günki bolan we bolup duran soňky wakalar barada gysgaça habarlar.

Azathabar.com 

18 ýaşly esger goşun gullugynda ýogaldy

Türkmenistanda gysga wagtda ýene bir esger harby gullugyny berjaý edýän wagtynda näbelli ýagdaýda aradan çykdy. Balkanabat şäherinde gulluk eden 18 ýaşly Öwezaly Ekaýew, resmileriň aýdyşyna görä, 20-nji awgustda irden aradan çykypdyr.  Şol günüň özünde-de onuň jesedini öýüne getirip, ene-atasyna gowşurypdyrlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy 21-nji awgustda habar berdi.     - Ony, ene-atasyna gowşurylan badyna, dessine jaýladylar. 16:00 töwereginde getirdiler, eýýäm 17:30-da bolsa... Читать дальше...

Azathabar.com 

Aşgabadyň we Marynyň keselhanalarynda derman tapdyrmaýar

Aşgabadyň we Marynyň hassahanalarynda dermanlaryň käbir görnüşleriniň ýetmezçiliginiň ýiti duýulýandygyny, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky we paýtagtdaky biri-birinden garaşsyz habarçylary habar berýärler.

Azathabar.com 

Kiýewiň sudy Poroşenko, Klimkine garşy derňew geçirmek barada höküm çykardy

Kiýewiň sudy Ukrainanyň Korrupsiýa Garşy Milli Býurosynyň ýurduň ozalky prezidenti Petro Poroşenko we öňki daşary işler ministri Pawlo Klimkine garşy, häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanmak aýyplamalary boýunça, derňewe başlamagy barada höküm çykardy. Suduň bu baradaky karary 21-nji awgustda Kiýewiň Solomýanka etrap sudunyň websaýtynda çap edildi. Onda hökümiň şikaýata degişli däldigi hem bellenilýär. Poroşenko we Klimkine bildirilýän aýyplamalaryň jikme-jikleri aýan edilmeýär. Soňky hepdeleriň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Hukuk topary tussag edilen rus protestçini syýasy tussag hökmünde ykrar etdi

Düýbi Moskwada ýerleşýän Adam Hukuklary boýunça Memorial Merkezi rugsat berilmedik protestlere gatnaşmakda aýyplanyp, tussag edilen raýat aktiwistini syýasy tussag hökmünde ykrar edýändigini mälim etdi. 20-nji awgustda ýaýradan beýanatynda topar Konstantin Kotowyň dessine azat edilmegine çagyrdy. Kotow Russiýanyň 180 günüň içinde rugsat berilmedik protestlere bir sapardan köp gatnaşan adamy jenaýat jogapkärçiligine çekmäge mümkinçilik berýän dawaly kanun esasynda, 15-nji oktýabra çenli deslapky tussaghana ýerleşdirildi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Kaşmirdäki ok atyşykda azyndan iki adam öldürildi

Hindistanyň howpsuzlyk güýçleri 21-nji awgustda Kaşmirde ýüze çykan ok atyşykda güman edilýän jeňçini öldürdi diýip, polisiýa maglumat berýär. Bu şu aýda Nýu-Deliniň gürrüňi gidýän sebitiň aýratyn statusyny ýatyranyndan soň dörän ilkinji çaknyşyk boldy. Kaşmiriň Hindistan tarapyndan dolandyrylýan Baramulla sebitinde ýüze çykan hadysada polisiýanyň bir ofiseri hem heläk boldy. Bu aralykda, Pakistan Kaşmiriň de-facto, ýagny iş ýüzündäki serhedinden hindi güýçleriniň ot açmagy netijesinde parahat ilatyň arasyndan üç adamyň ölendigini aýdýar.

Azathabar.com 

Kabuldaky toýa edilen hüjümde ölenleriň sany 80-e ýetdi

Geçen hepde Owganystanyň paýtagty Kabulda toý dabarasyna janyndan geçeniň amala aşyran hüjüminde ölenleriň sany 80-e ýetdi diýip, 21-nji awgustda ýokary derejeli owgan resmileri maglumat berdiler. 17-nji awgustda amala aşyrylan hüjümde ölenleriň başdaky sany 63-e deň bolupdy; emma, soňy bilen ýaralananlaryň käbiri keselhanada ýogaldy diýip, Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Nasrat Rahimi mälim etdi. “Ýene-de 17 adam ýaralary sebäpli keselhanada aradan çykdy. 160 töweregi adama entegem... Читать дальше...

Azathabar.com 

Eýranlylar öýsüz itleriň rehimsizlik bilen öldürilmegine garşy protest geçirdiler

Eýranyň paýtagty Tähranda geçen dynç günleri haýwanlaryň hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň onlarçasy şäher resmileri tarapyndan öýsüz itleriň öldürilmegine garşy protest geçirdiler. Protestler Tähranyň häkimliginiň binasynyň daşynda geçirildi. Mundan öň, internetde öýsüz itleriň wagşylyk bilen öldürilýän wideosy peýda bolupdy. Itlere, şol sanda güjüklere hem sanjym edilip, olar azap içinde ölüpdiler. Aktiwistler itlere kislotanyň sanjym edilendigini çaklaýarlar. Bu sosial ulgamlarynda gahar-gazaply reaksiýalary döretdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Demirgazyk Koreýa boýunça wekili Russiýada ilçi bolmak teklibinden ýüz öwürdi

ABŞ-nyň Demirgazyk Koreýa boýunça ýörite wekili Stefen Biegun (Stephen Biegun) Birleşen Ştatlaryň Russiýadaky nobatdaky ilçisi bolmak baradaky teklibi ret edip, muňa derek Demirgazyk Koreýanyň denuklerizasiýasy boýunça işlemekçidigini aýtdy diýip, Reuters agentligi habar berýär. Biegun häzir Seulda Günorta Koreýanyň resmileri bilen gepleşikleri geçirýär. Ol Phenýangyň taýýar bolan pursady, ABŞ-nyň Demirgazyk Koreýa bilen gepleşikleri ýaňadandan başlatmaga taýýarlyk görýändigini hem mälim etdi.... Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *