Türkiýe indi kürtlere garşy başga operasiýa zerur däl diýýär
Türkiýe Siriýadaky häzirki operasiýanyň çäginde kürt söweşijilerine garşy gaýtadan söweşe başlamak “zerurlygynyň ýokdugyny” yglan etdi. Sebäbi Birleşen Ştatlar Türkiýäni olaryň demirgazykdaky serhet sebitinden çykmagy “tamamlandyklary” bilen habarly etdi.
“Häzirki pursatda mundan aňryk täze operasiýa geçirmek zerurlygy ýok” diýip, AFP Goranmak ministrliginiň 22-nji oktýabr güni giçlik eden beýanatyna salgylanyp habar berdi.
Bu habar rus prezidenti Wladimir Putin bilen türk prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň Gara deňiz boýundaky Soçide alty sagatlap geçiren hususy duşuşygynyň yz ýanyna gabat geldi.
Gepleşikler wagtynda demirgazyk-gündogar Siriýada bilelikdäki harby garawulçylygy berjaý etmek we kürt söweşijilerine bu sebitden çykmak üçin, ABŞ tarapyndan araçylyk edilen ýaraşykda berlen 150 sagat wagt tamamlanandan soň, 23-nji oktýabrdan başlanýan täze möhlet bermek ylalaşygyna gelindi.