Türkmen prezidenti tomusda käýän orunbasaryna berk käýinç we soňky duýduryşyny berdi
Emma prezident anyklaşdyrmazdan, “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin” diýip, G.Myradowa berk käýinç yglan etdi.
Käýinçden başga, ýol beren kemçiliklerini gysga wagtyň içinde düzetmegi üçin, wise-premýere soňky duýduryş hem berildi diýip, TDH habar berýär.
Neşir, adatça bolşy ýaly, käýinç berlen resminiň goýberendigi aýdylýan kemçiliklerini anyklaşdyrmaýar.
Myradowa mundan öň, Ministrler kabinetiniň ýylyň birinji ýarymynda edilen işlere bagyşlanyp geçirilen mejlisinde hem, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin, käýinç berlipdi.
Şonda prezident ondan ýurdy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek üstünde işlemegi talap edipdi.