Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Marynyň obalaryny, şäherlerini zeý suwlary sebäpli şor basýar

Marynyň obalaryny, şäherlerini zeý suwlary sebäpli şor basýar

Mary welaýatynyň oba ýerlerinde topragyň şorlamagy oba hojalygyna we ilatyň öýlerine, hususy melleklerine ýaramaz täsir ýetirýär.

"Mary welaýatynyň köp etraplarynyň obalary, jaýlaryň işigindäki mellek ýerleri şor basýar we zeý tutup barýar. Marynyň Zarpçy daýhan birleşiginiň yaşaýjylary şor kanallaryň, zeý kanallaryň işlemeýändigini we gömülip gidendigini, hökümet tarapyndan hiç hili seredilmeýändigini aýdýarlar" diýip, habarçymyz aýdýar. 

Emma onuň sözlerine görä, bu obanyň ýaşaýjylaryndan zeý kanallary gazmak üçin pul ýygnalýar. 

"Her ýylda her hojalykdan şor we zeý kanaly gazýarys diýip, 30 manat pul ýygnaýarlar" diýip, habarçymyz oba ýaşaýjylaryna salgylanyp, habar berýär.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaý barada Zarpçy obasynyň resmileri bilen habarlaşyp bilmedi. 

 

Emma oba ýaşaýjylarynyň habarçymyza aýtmagyna görä, zeý suwlarynyň ýygnanyp, töwerek-daşa ýaýramagy, hususy melleklerde topragyň şorlanmagyna, üstesine jaýlaryň binasyna çykmagyna we binýatlaryň zaýalanmagyna, opurylmagyna getirýär. 

Habarçylarymyzyň sözlerine görä, topragy şor basyp, ýaşaýyş jaýlary zaýalamak problemasy Mary welaýatynyň beýleki etraplarynda, hatda şäher ýerlerinde-de bar. 

"Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mollanepes şäherçesiniň ýaşaýjylary öz ýerlerini şor we zeý basyp ýatandygyny aýdýarlar" diýip, habarçymyz aýdýar we bu problemanyň onlarça ýyl bäri çözülmän galýandygyny, emma soňky ýyllarda hasam agyrlaşandygyny belleýär.

"Her ýyl adamlar öýlerini remont edip ýadaýandyklaryny aýdýarlar. Ýagyn günleri öýleriň aşaky gatlaryny suw alýandygyna gabat gelse bolýar. Birinji gatda ýaşaýan adamlaryň öý goşlaryny suw alýar. Şu ýylky yzygiderli ýagynlarda adamlar öz öýlerini taşlap, hossarlarynyň öýünde ýaşamaly bolupdy. Gynansak-da şeýle kynçylyklar her ýyl gaýtalanýar" diýip, regiondaky habarçymyz aýdýar.

Wekilbazar etrabynyň Mollanepes şäherçesiniň deňinden Garagum kanaly geçýär. 

Kanalyň golaýlygy hem töwerek-daşy suwuň basmagyna getirýär. Derýanyň möwsümleýin joşmagy hem Mollanepes şäherçesiniň ýaşaýjylaryna zyýan ýetirýär.

Şol bir wagtda-da, habarçymyzyň aýtmagyna görä, ekin meýdanlaryndaky zeý suwlaryny ýygnamak üçin gurulan zeý kanallaryň arassalanman galmagy esasy meseläni döredýär. 

"Şäheriň içinden şor suwly kanal geçýär, emma suw dolup durýar we zeýläp porsap dur. Ony zeý suwlarynyň hiç ýere akmaýandygy bilen düşündirse bolýar" diýip habarçymyz aýdýar.

Mary welaýatynyň birnäçe etrabyna baryp gaýdan habarçymyz aýratynam ýagynlardan soň ýaşaýjylaryň hasam kösenýändigini belleýär we öýlere ýygnanýan suwa garşy öz güýji bilen göreşýändigini gürrüň berýär.​

"Adamlar her ýagyndan soň öýleriniň içinde ýygnanýan suwlary öz hasaplaryna suw sorujy maşynlary çagyryp sordurmaly bolýarlar" diýip, habarçymyz aýdýar.

Synçylar Türkmenistanda zeý suwlarynyň ýygnanmagynyň, topragyň şorlamagyň ýurtda sowet döwründen gelýän pagtaçylyk praktikasynyň saklanyp galmagy bilen baglydygyny aýdýarlar we munuň ekologiýa uly howp döredýändigini belleýärler. 

Türkmen häkimiýetleri zeý suwlarynyň zyýanyny azaltmakda Garagum çölüniň merkezinde gurlan Türkmen kölüniň ähmiýetini nygtaýarlar. 2009-njy ýylda gurlup başlanan bu köle ýurduň ähli künjeklerinden çekilen kanallar arkaly zeý suwlaryny ýygnamak göz öňünde tutulýar. Emma "Altyn Asyr" atly bu emeli kölüň tpragyň şorlamak problemasyna we ekologiýa ýetirjek täsiri barada ylmy maglumatlar köpçülige mälim edilmeýär.

Döwlet mediasyna görä, bahasy birnäçe milliard amerikan dollaryna barabar "Altyn Asyr" kölüniň gurluşygyna 2019-njy ýylyň ýanwaryna çenli 553 million 378 müň amerikan dollaryna barabar pul ýatyrylypdyr. 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Гроза копчиков: Назван самый опасный водный аттракцион, грозящий параличом

Преференции для женщин и детей: в Москве обсудили инициативы депутатов в области сохранения семьи

Врач Поздняков: комары в России могут переносить туляремию и червей-паразитов

Проект "Чемпионата" назвали лучшим digital-проектом в медиа

Музыкальные новости

Спортсмены Улан-Удэнского ЛВРЗ стали победителями региональной спартакиады

Олег Рой и Дарья Донцова высказались о необходимости масштабирования опыта Башкортостана в проведении книжных фестивалей

Компании Группы "Интеррос" взяли ряд наград премии FINAWARD

Уссурийский ЛРЗ расширяет форматы промышленных экскурсий на предприятие

Новости России

Футболисты России и зарубежья разыгрывают в Ульяновске Кубок «Динамо»

В Московской области сотрудники Люберецкого ОВО задержали подозреваемого в умышленном причинении тяжкого вреда здоровью

Западные санкции покончили с оттоком капитала из России

Врач Поздняков: комары в России могут переносить туляремию и червей-паразитов

Экология в России и мире

В РУМЦ МГППУ действует правовой просветительский лекторий для студентов с инвалидностью и сотрудников вузов-партнеров

Доктор Кутушов назвал болезни, которые поджидают отдыхающих у водоёмов

«585*ЗОЛОТОЙ» выступила партнером медиафестиваля творческой молодежи YOUPITER

ONYX отправляется в Большой тур по России

Спорт в России и мире

Белорусские теннисистки проведут стартовые встречи открытого чемпионата Франции

Синнер повторил достижение Джоковича и Надаля по победам на "Больших шлемах"

Надаль пропустит Уимблдон из-за желания сыграть на Олимпиаде

Андреева назвала важнейшей в карьере победу над Азаренко на "Ролан Гаррос-2024"

Moscow.media

Завершен монтаж пролетного строения моста через Волгу на обходе Твери

Губернатор ХМАО Комарова объявила, что уходит в отставку

Экс-редактор Comnews присоединился к команде iTrend

Распределяй и управляй: водители «Грузовичкоф Бизнес» – о преимуществах работы и трудовых буднях  







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *