Rysgalbank: Manatda bank hasabyny açdyrmak üçin başlykdan rugsat almaly
Türkmenistanyň käbir banklarynda raýatlar manatda bank hasaplaryny açdyryp bilmän kösenýärler diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.
Türkmenistanyň käbir banklarynda raýatlar manatda bank hasaplaryny açdyryp bilmän kösenýärler diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.
Sammite taýýarlyk döwründe iki sany esasy mesele keserip çykdy: olaryň biri goranyş harajatlary meselesi bolsa, beýlekisi Türkiýe bilen Fransiýa ýaly beýlekibir agza döwletiň arasyndaky gatnaşyk meselesi boldy.
Lebap welaýatyndaky Medeniýet öýleriniň işgärlerini Aşgabatda geçiriljek dabaralara ibermegiň nobatdaky tapgyry başlady.
Türkmenistanyň öňki içeri işler ministri Isgender Mulikow azatlykdan mahrum edildi. Döwlet telewideniýesiniň habar bermegine görä, Mulikowa korrupsiýa aýyplamalary esasynda günä bildirildi we höküm çykaryldy.
Özbegistanyň telewizion kanallarynda efire berilýän gepleşikler lebaply ýaşaýjylaryň arasynda uly gyzyklanma döredýär.
Özbegistanyň milli energiýa kompaniýasy 3-nji dekabrda sebitiň elektrik stansiýalarynyň Türkmenistandan iberilýän energiýany doly möçberlerinde kabul etmäge güýjüniň ýetmeýändigini aýtdy.
Mary welaýatynyň oba ýerlerinde topragyň şorlamagy oba hojalygyna we ilatyň öýlerine, hususy melleklerine ýaramaz täsir ýetirýär. "Mary welaýatynyň köp etraplarynyň obalary, jaýlaryň işigindäki mellek ýerleri şor basýar we zeý tutup barýar. Marynyň Zarpçy daýhan birleşiginiň yaşaýjylary şor kanallaryň, zeý kanallaryň işlemeýändigini we gömülip gidendigini, hökümet tarapyndan hiç hili seredilmeýändigini aýdýarlar" diýip, habarçymyz aýdýar. Emma onuň sözlerine görä, bu obanyň ýaşaýjylaryndan zeý kanallary gazmak üçin pul ýygnalýar. Читать дальше...
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani golaýda ýangyç bahasynyň birden ýokary galmagyna garşy turan gozgalaňlar mahalynda tussag edilenleri, eger olar ýaragsyz we diňe öz pikirini aýdan bolsa, türmeden boşatmaga çagyrdy. "Dini we yslam rehimdarlygynyň görkezilmegi gerek we nebit bahalarynyň gymmatladylmagyna garşy protest bildirende ýaraglanmadyk, bigünä bolan adamlary tussagdan boşatmaly” diýip, Rohani 4-nji dekabrda telewideniýe arkaly berlen çykyşynda aýtdy. Protestler 15-nji noýabrda, hökümetiň... Читать дальше...
ABŞ-nyň Wekiller öýi 3-nji dekabrda ahyr netijede eksport sanksiýalaryna we ýurduň musulman azlygyna garşy görülýän ýowuz çäreler bilen baglanyşykly uly derejeli hytaý resmilerine garşy adam hukuklaryny bozandyklary üçin giriziljek gadaganlyga alyp geljek kanun taslamasyny aglaba köplükde tassyk etdi. 2019-njy ýylyň Uýgur akty Pekini “demirgazyk-günbatar regiondaky Sinjiaňda, 1 million çemesi uýgury we esasan musulman azlyklaryny içerki tussag lagerlerinde saklap, adam hukuklaryny gödek bozmakda” tankytlaýar. Читать дальше...
Geçen aý Türkiýede öldürilmezinden öň 1 milliard dollara golaý pul ýuwandygyny boýun alan uýgur telekeçisi Merkezi Aziýa ýurdundan elde pul çykarylýan näresmi nagt pul gatnadyjyny hem işledipdir diýip, täze derňew hasabatynda aýdylýar. Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugy, Guramaçylykly jenaýatlar maglumatlary taslamasy we gyrgyz habar saýty “Kloop” 3-nji dekabrda Hytaýda doglan uýgur telekeçisi, 10-njy noýabrda Stambulda atylyp öldürilen Aýerken Saýmaýti bilen geçirilen söhbetdeşlikler esasynda bilelikde... Читать дальше...
Günorta Owganystanda ýapon kömek işgärini alyp gelýän awtoulagy oka tutan ýaragly adamlar ony agyr ýaralap, bäş owgany öldürdiler diýip, ýerli resmiler aýdýar. Nangarhar welaýatynyň sözçüsi Attaullah Khogyani AÝ/AR-a bu hüjümiň 4-nji dekabrda irden, welaýat paýtagty Jalalabatda bolandygyny aýtdy. Ýaponiýanyň hökümetden aýry “Parahatçylyk ýapon saglyk hyzmaty” guramasyna ýolbaşçylyk edýän doktor Tetsu Nakamura agyr ýaralandy. Öldürilenleriň arasynda onuň janpenalary we sürüjisi hem bar. Hüjümiň... Читать дальше...