HRW Russiýadaky terrorizm bilen ilteşikli çykarylan “gädik” hökümleri tankytlady
Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän gurama bu baradaky çagyryşyny 12-nji fewralda çap etdi.
Çagyryşda şu aýyň başynda Russiýanyň harby sudlarynyň “çuňňur gädilen” diýlip häsiýetlendirilen üç terrorizm işi boýunça “ýowuz” hökümleri çykarandygy bellenilýär. Bu işler boýunça aýyplanýanlar özleriniň üzňelikde saklanandygyny we “aýyplamalary boýun almagy üçin gynalandyklaryny” aýtdylar.
5-10-njy fewral aralygynda, biri-birinden aýry işler boýunça, umumy hasapda 18 aýyplanýan 23 ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edildi.
“Şübhelenýänler adalatly sud edilmedi. Olara çykarylan hökümler ýatyrylyp, şeýle-de basyş edilendigi baradaky aýyplamalar derňelmeli” diýip, Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktory Hugh Williamson aýtdy.