Owgan hökümeti bilen Talyban tussag boşatmagy “ýüzbe-ýüz” maslahat eder
Taraplaryň 25-nji martda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen gepleşiginden soň, “31-nji marta çenli 100 tussagyň boşadylmagyny maslahat etmek üçin Talyban topary ýakyn günlerde hökümet bilen ýüzbe-ýüz duşuşar” diýip, geňeşiň metbugat wekili Jawid Faýsal twit ýazdy.
“Tussaglar we Talyban özleriniň gaýtadan söweşe girmejekdiklerine kepil geçenden soň”, tussaglar ynsanperwerçilik esasada azat ediler diýip, Faýsal aýtdy.
Bu waka ABŞ-nyň araçylygyndaky parahatçylyk ylalaşygynyň esasynda Talyban bilen owgan hökümetiniň arasynda geçirilmeli gepleşikleri yza çekdiren kynçylyklary ýeňip geçmäge ýardam berer.
“Wideokonferensiýada tussaglaryň martyň aýagynda boşadylyp başlanmagyna karar berildi” diýip, Talybanyň metbugat wekili Suhail Şahyn Twitterde aýtdy.
Şahyn owgan häkimiýetleriniň Kabulyň demirgazygynda köp sanly Talyban tussagyny saklaýan ýeri bolan Bagram tussaghanasyna Talybanyň topar ýollajakdygyny aýtdy.
Birleşen Ştatlaryň “tehniki duşuşyga gatnaşan” Owganystan boýunça wekili Zalmaý Halilzad taraplaryň “31-nji marta çenli tussaglary boşatmak babatynda ylalaşandygyny” aýtdy.