Eýran harby satellitini orbita uçurandygyny adýar
Eýranyň Yslam Rewolýusiýa Sakçylary Korpusy (YRSK), ençeme aýa çeken şowsuz synanyşyklardan soň, harby satellitini orbita üstünlikli uçurmagy başarandygyny aýtdy. Döwlet telewideniýesi we YRSK bilen ilteşikli Tansim habarlar gullugy satelletiň 22-nji aprelde “şowly” uçurylandygyny aýtdylar.
Eýranyň satelleti uçurandygyny bada-bat garaşsyz çeşmelere tassyklatmak başartmady. Emma, ekspertler munda ulanylan tehnologiýalaryň Eýranyň kontinentara ballistik raketalaryny özleşdirmegi üçin ulanylyp bilinjekdigine alada bildirdiler.
“Eýranyň ilkinji, ‘Nur’, satelleti şu gün irden Eýranyň merkezi sebitinden iki tapgyrda uçuryldy. Uçuş şowly geçdi. Satellit orbita ýetdi” diýip, telewideniýede maglumat berildi.
YRSK-nyň resmi websaýtynda satellitiň ýeriň üstünden 425 kilometr aralyga orbita ýetendigi aýdylýar.
Ýarym-harby topar satelliti orbita çykarmak üçin, ozal ady eşidilmedik, ‘Ghased’ ulgamynyň ençeme tapgyrda ulanylandygyny aýtdy.
Soňky aýlaryň dowamynda Eýranyň satelletini uçurmak synanyşyklary şowsuz tamamlanypdy.
ABŞ-nyň Döwlet departamenti we Pentagon bu uçuşlaryň Eýranyň ballistik raketa programmasyny ilerledýändigini aýdýarlar.