“Amerikanyň sesiniň” iki ýolbaşçysy işinden çekildi
"Amerikanyň sesiniň" direktory Amanda Bennet we onuň orunbasary Sandra Sugawara birinji gün işlerinden çekilýändigini habar berdi. Olar ABŞ-nyň Kongresi tarapyndan maliýeleşdirilýän iň uly halkara habar guramasyna dört ýyla golaý ýolbaşçylyk etdiler.
"Amerikanyň sesiniň" habar bermegine görä, bu döwürde onuň umumy diňleýjileri iki esse artdy - hepdede 109-milliondan 280 million adama çenli köpeldi.
Bennet Maýkl Pek ABŞ-nyň Halkara teleradiogepleşikler agentliginiň täze başlygy wezipesine tassyklanandan gysga wagt soň "Amerikanyň sesiniň" ýolbaşçylarynyň işlerinden çekilýändigini yglan etdi. Maýkl Pek bu wezipe prezident Donald Tramp tarapyndan teklip edildi.
Bennet "Amerikanyň sesiniň" işgärlerine ýazan hatynda Pekiň "Kongresde kasam kabul edendigini we "Amerikanyň sesiniň" garaşsyzlygyny kepillendirýän sistema hormat goýmagy wada berendigini, munuň bolsa öz gezeginde neşiriň bütin dünýädäki auditoriýasynyň bildirýän ynamynda iň möhüm roly oýnaýandygyny" belledi.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp golaýda "Amerikanyň sesini", hususan-da onuň koronawirus sebäpli ýüze çykan krizis döwründe Hytaýdaky ýagdaýlar barada maglumat berşini tankyt etdi. Ol Halkara teleradiogepleşikler agentliginiň täze başlygynyň bellenmegini gutlady.