Kiýewiň sudy ýarym-harby toparyň öňki ýolbaşçysyny öý tussaglygynda saklamak barada karar çykardy
Kiýewiň sudy, bir adamyň öldürilmeginde bikanun ýarag saklamakda we bilkastlaýyn adam öldürmekde güman edilýän aşa sagçy ýarym-harby toparyň jedelli öňki ýolbaşçysyny öý tussaglygynda saklamak barada karar çykardy. Serhiy Sternenko munuň özüni goramak maksady bilen bolandygyny öňe sürýär.
Sternenkonyň tarapdarlary tarapyndan geçirilen ýowuz protestlerden soň, 15-nji iýunda giçlik Şewçenko etrap kazyýeti bu iş bilen bagly derňewleriň dowam edýändigi sebäpli Sternenkonyň 60 günläp öý tussaglygynda saklanjakdygy barada karar çykardy.
Sternenko bir wagtlar Odesa şäherindäki “Sagçy sektor” toparyna ýolbaşçylyk edýärdi.
Ukrain polisiýasy bäş protestçiniň tussag edilendigini aýtdy.
Protestleriň bolan ýerine gelen kanunçykaryjy Roman Lozynskiý polisiýanyň tussag edilen adamlar bilen duşuşmagyna rugsat bermändigini we özüne hüjüm edendigini aýtdy.
Polisiýanyň demonstrantlary urup-ýenjendigini görkezýän suratlar we wideolar Internetde peýda bolansoň, 15-nji iýunda Kiýewiň polisiýa resmileri özleriniň içerki derňewi başladandygyny aýtdylar.