Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Maryda ilat aýlyklaryny nagtlaşdyryp bilmän kösenýär

Maryda ilat aýlyklaryny nagtlaşdyryp bilmän kösenýär

Maryda zähmet haklarynyň plastik kartlaryna geçirileninden bäri iki hepdeden gowrak wagtyň geçendigine hem garamazdan, ýaşaýjylaryň köpüsi häzirki güne çenli pullaryny nagtlaşdyryp bilmän kösenýärler. Munuň netijesinde pullary nagtlaşdyrmak boýunça ilat arasynda näresmi hyzmatlar hem hödürlenip başlandy.

“Bu günler adamlar işleýän bankomat gözleginde welaýatyň dürli künjeklerinden Mary şäherine gelýärler. Olar tomsuň 40 gradusdan hem aşýan jokrama yssysynda banklara, söwda merkezlerine aýlanýarlar. Ýöne hiç bankomatda pul ýok. Haçan boljagam belli däl. Ýaşaýjylar onda-da her gün onlarça kilometr ýol söküp Mara gelýärler” diýip, Azatlygyň Baýramalydaky çeşmesi 16-njy iýunda maglumat berdi.

Häzir ýurduň tas ähli künjegindäki bankomatlarynda nagt puluň tapdyrmaýandygy, olaryň öňünde gijeden nobata durýan adamlaryň käte hepdeläp, käte-de aýlap zähmet, pensiýa haklaryny we kömek pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýändigi barada dowamly maglumatlar gowuşýar.

Munuň bilen bir wagtda, ýurtda kartlar arkaly nagt däl bank amallaryny amala aşyrmak hem kynlaşýar. Ozal kartlar bilen söwda edip bolan sanlyja dükanlarda hem indi diňe nagt pul bilen hasaplaşmak soralýar.

“Marynyň hususy dükanlarynyň birinde, kartlar arkaly tölegi kabul etmeýändigi sebäpli, alan azyk harytlarymy kassada goýup gaýtmaly boldum. Ýogsa, ozal bu dükanda nagt däl görnüşde töleg edip bolýardy” diýip, ýakynda Mary şäherinde bolan baýramalyly habarçymyz gürrüň berdi.

Bu ýagdaýlaryň ýaşaýjylaryň ýiti ykdysady krizisiň arasynda gün-güzeranyny aýlamagyny kynlaşdyrmagy bilen birlikde, dürli sebäplere gabatlap sadaka berjek bolýan adamlaryň-da bu planlaryndan el çekmegine sebäp bolýandygy bellenilýär.

“Bu günler harby gulluk borjuny tamamlan ýaş oglanlar öýlerine dolanýarlar. Bu sebäpli ýigitleriň maşgala agzalary, ozalky däplere eýerip, kiçi hem bolsa, sadaka bermäge synanyşýarlar. Emma adamlaryň ellerinde nagt pul ýok. Şol sebäpli-de, adamlar sadaka bermek niýetinden ýüz öwürmeli bolýarlar” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran habarçymyz gürrüň berdi.

Bellesek, Azatlykda ýokarda beýan edilen ýagdaýlar boýunça anyk ýer, adam atlary bar bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli, olary äşgär etmekden saklanýarys.

Bu aralykda, bankomat gözleginde Marynyň beýleki şäherdir obalarynyň ýaşaýjylarynyň welaýatyň administratiw merkezine gelmegi bilen baglylykda ilat arasynda näresmi hyzmatlar hem hödürlenip başlandy.

“Bankomatlaryň öňündäki nobatlarda ‘eger-de 40 manat berseňiz, siziň deregiňize nobata durup, kartyňyzdaky puly alyp bereýin’ diýen teklipler edilip başlandy. Ol adamlar puly nagtlaşdyranyndan soňra, kart eýesine jaň edip habarly etjekdiklerini aýdýarlar. Käbirler bu teklipden ýüz öwürseler, käbirleri, hususan-da beýleki sebitlerden gelenler, bialaç kartyny ynanýarlar” diýip, habarçymyz aýtdy.

Türkmenistan soňky birnäçe ýyl bäri ýiti ykdysady kynçylygy başdan geçirip gelýär. Ýöne ýurt resmileri bu kynçylyklary aç-açan agzamaýar. Oňa derek döwlet media we metbugat serişdelerinde gije-gündiz ýurtdaky ösüşler diýilýän sepgitler mahabatlandyrylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Якутскэнерго соболезнует

Два человека пострадали в ходе стрельбы на северо-востоке Москвы

Суд Москвы арестовал вторую фигурантку дела об осквернении памятника Жукову

Дело не в дороге: с какими проблемами чаще всего сталкиваются автотуристы

Музыкальные новости

Бизнес в объективе. На столичных вокзалах открылась мультимедийная выставка

ЧЭРЗ запланировал оздоровительную кампанию для сотрудников и их детей

Два рейса из Петербурга перенаправили из Шереметьево в Домодедово на фоне грозы

Обманул сына, бросил жену в 90 лет и потерял дочь: яркая жизнь Бедроса Киркорова

Новости России

Невидимые инновации. Станет ли остров Русский Силиконовой долиной?

Звезда сериала «Великолепный век» Фатма Каранфиль скончалась от рака

Откупорить мегаполис. Как Москва решила проблему пробок

Актер Зулькарнаев выступит со стихами на фестивале «Арт-пикник. Проект: Поэт»

Экология в России и мире

Победитель фирменной игры «Авторадио» получил ключи от Oting Паладин

Добрые рисунки: «585*ЗОЛОТОЙ» запустила конкурс ко Дню защиты детей

Работник СЛД «Чита» филиала «Забайкальский» ООО «ЛокоТех-Сервис» принял участие в экологической акции по очистке берега и дна озера Кенон

Это вовсе не только Питер: названы 15 городов России, куда можно поехать на белые ночи

Спорт в России и мире

Бывшая российская теннисистка спела гимн Франции: «Я здесь дома»

Главный русский теннисист заставил Париж аплодировать ему стоя. Что удалось Осьминогу Медведеву?

После поражения де Минору россиянин Медведев завершает выступление в престижном теннисном турнире

«Контракта на экипировку у меня до сих пор нет» // Теннисистка Анна Калинская о лучшем сезоне в своей карьере

Moscow.media

Пожар в пятиэтажке унес жизнь неосторожного курильщика

Новые мониторы Xiaomi на российском рынке

На орловской трассе столкнулись микроавтобус «УАЗ» и тягач «Scania», груженный дисками вагонных колес

В этом году обновят 35 км трассы Р-255 Сибирь в Тайшетском и Нижнеудинском районах Приангарья







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *