Russiýa krym tatarlarynyň liderini tussaglyga höküm etdi
Jelýal krym tatarlarynyň öz-özüni-dolandyryjy guramasynyň, ýagny Mejlisiň başlygynyň orunbasarydyr. Russiýa 2014-nji ýylda Krymy bikanun basyp alandan soňra, Moskwanyň tarapyny tutýan ýerli wekiller krym tatarlarynyň Mejlisini gadagan etdiler.
Jelýal geçen dynç günleriniň dowamynda tussag edildi. Ukraina we ABŞ muny ýazgardy.
Ukrain resmileriniň maglumatyna görä, Jelýalyň we ýene beýleki dört aktiwistiň tussag edilmegine garşy Federal Howpsuzlyk Gullugynyň (FSB) ýerli edarasynyň daşynda geçirilen protestiň dowamynda 50-den hem aşa adam saklanypdyr.
Interfaks habar agentligi Jelýala garşy 23-nji awgustda Krymyň paýtagty Simferopolyň golaýyndaky obalaryň birinde gaz geçirijisine ýetirilen zyýan bilen baglylykda jenaýat işiniň açylandygyny aýtdy.
Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Emine Jeppar Moskwanyň bäş adamy – olaryň geçen aý Kiýewde Krymyň “okupasiýadan azat edilmegi” boýunça geçirilen konferensiýa gatnaşandygy üçin – “ar almak” maksady bilen tussag edendigini aýtdy.
ABŞ-nyň Döwlet departamenti “Russiýanyň okupasiýa resmilerini” Jelýaly we tussaglykdaky “beýleki azyndan 45 krym tataryny” dessine azatlyga goýbermäge çagyrdy.