Kuba iki ýaşly çagalara waksina sanjymyny urup başlady
Kuba 6-njy sentýabrdan başlap 2-11 ýaşly çagalara özüniň öndüren waksinasyny urup başlady. Bellesek, bu Kubanyň ýerli waksinasy Bütindünýä Saglyk Guramasy (BSG) tarapyndan ykrar edilmedikdir. Mundan öň, kuba resmileri özüniň iki waksinasynyň ýaş çagalardaky kliniki barlaglarynyň tamamlandygyny aýtdylar. Kuba geçen hepde 12 ýaşdan ululara waksina edip başlady.
Dünýäniň beýleki ençeme döwleti hem 12 ýaşly çagalara waksina sanjymyny urýar, şeýle-de ýaş çagalarda kliniki barlaglary geçirýär.
Bu aralykda, Ýewropada EMA 16 ýaşdan ululara buster sanjymynyň peýdasyny seljerýär. Kliniki barlaglara sagdyn immun ulgamly 300 uly adam gatnaşýar. Olara Pfizer/BioNTech waksinasynyň ikinji sanjymyndan alty aý soňra, üçünji gezek waksina uruldy.
Geçen hepde EMA umumy ilat köpçüligi üçin buster sanjymlaryny urmaga gyssaglygyň ýokdugyny, emma derman öndüriji kärhanalaryň bu baradaky arzasyndan soň, maglumatlary çaltlyk bilen seljerjekdigini aýtdy.