Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmen prezidenti ençeme wise-premýerine “berk käýinç” berdi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň ýokary derejeli resmileriniň ençemesine “berk käýinç” yglan etdi.


8-nji oktýabrda geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisiniň dowamynda:



Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işinde görkezijileriň pese düşmegine ýol berendigi üçin, Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Purçekow Çarymyrat Hywaliýewiçe “berk käýinç” yglan edildi;
Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Gylyjow Çary Baýramowiçe “berk käýinç” yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek üçin soňky gezek duýduryldy;
Ýokardaky kesgitleme bilen, Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Mämmedowa Mährijemal Mekandurdyýewna, şeýle-de
Ahal welaýatynyň häkimi Gurbanow Ýazmuhammede “berk käýinç” yglan edildi. Gurbanowa ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek üçin soňky gezek duýduryş hem berildi;
Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, teleradioýaýlymlarda berilýän gepleşikleriň hiliniň pese düşmegine ýol berendigi üçin, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Aşyrow Arslan Gurbanmämmedowiçe-de “berk käýinç” yglan edildi.


Adatça bolşy ýaly, prezident ýokary derejeli emeldarlaryň goýberendigi aýdylýan kemçiliklerini aýdyňlaşdyrmady. Ýene bellemeli bir ýagdaý, 'berk käýinç' berlen emeldarlaryň ençemesi mejlisiň dowamynda gözegçilik edýän pudaklaryndaky ösüş sanlar barada hasabat beripdiler.


Galyberse-de, geçen hepde Berdimuhamedow ýurduň güýç edaralarynyň hem ýolbaşçylaryna, şol sanda Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary, döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Amanow Çarymyrat Kakalyýewiçe we içeri işler ministri Hojanyýazow Öwezdurdy Geldiýewiçe “berk käýinç” yglan edipdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *