Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Dünýäde COVID-19-dan ölenleriň sany 5 milliondan aşdy

Koronawirusyň ilkinji gezek 2019-njy ýylyň dekabrynda Hytaýda ýüze çykarylanyndan bäri dünýä boýunça bu wirus sebäpli ölenleriň resmi sany 5 milliondan aşdy.


Jons Hopkins Uniwersitetiniň 1-nji noýabrdaky görkezijileri, esasan hem dünýäniň garyp künjeklerinde testleriň azlyk edýändigi we keselhanalaryň daşynda adamlaryň ölýändigi nazarda tutulanda, ýokary ähtimallyk bilen asyl sanlardan has pesdigini alamatlandyrýar.


Bäş million adam ölümi bilen birlikde, wirusa ýolugan 247 million adam hem hasaba alyndy. Munuň hem asyl sanlardan has pesdigi çaklanylýar.


Bütindünýä Saglyk Guramasy wirus sebäpli ölenleriň hakyky sanynyň resmi görkezijilerden 2-3 esse ýokary bolmagynyň mümkindigini çaklaýar.


Wirus has köp Birleşen Ştatlara ýaramaz täsirini ýetirip, ýurtda koronawirus sebäpli 745 müň 836 adam ölümi hasaba alyndy, şeýle-de 46 million COVID-19 ýagdaýy ýüze çykaryldy.


Birleşen Ştatlardan soň wirusdan has köp ejir çeken ýurt Braziliýa bolup, onda 607 müň 824 adam ölümi hasaba alyndy. Ondan soň 458 müň 437 adam ölümi bilen Hindistan, 288 müň 365 adam ölümi bilen Meksika we 239 müň 693 adam ölümi bilen Russiýa gelýär.


Häzirki wagtda koronawirus dünýäniň käbir künjeklerinde gowşasa, käbir ýerlerinde täzeden möwjäp başlady.


Bu aralykda, Türkmenistan öz serhet çäklerinde ölüm howply ýokanjyň ýekeje-de ýagdaýyny resmi taýdan hasaba alman gelýär. Ýogsa ýurtdan syzyp çykýan maglumatlarda, wirusa ýolugýanlaryň we ondan heläk bolýanlaryň hem köpdügine göz ýetirse bolýar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *