Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

YD-nyň Kabuldaky harby hassahana eden hüjüminde azyndan 19 adam öldi

Owganystanyň paýtagtyndaky harby hassahana edilen ýaragly we bombaly hüjümde azyndan 19 adam ölüp, onlarça adam ýaralandy.  “Talyban” awgust aýynda häkimiýeti ele geçireli bäri guralan kast ediş hüjümleriniň ýene biriniň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” (YD) ekstremist topary öz boýuna aldy. 


Owganystanyň iň uly harby hassahanasyny nyşana alan hüjümçiler ilki  iki bomba partladyp, desganyň daşyndan birnäçe tapgyr ok atdylar diýip, resmiler we şaýatlar 2-nji noýabrda aýtdylar.


Ýerli metbugat alty hüjümçiniň dördüsiniň öldürilendigini, galan ikisiniň tussag edilendigini habar berdi.


Käbir habar gulluklarynyň habaryna görä, ölenleriň sany 25-e ýetdi. Emma berilýän habarlarda ölenleriň sanyna hüjümçileriň goşulyp-goşulmandygy belli däl.


YD topary hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy diýip, bu topar bilen ilteşikli “Amak” habar gullugy öz Telegram kanalynda aýtdy.


“Talyban” awgust aýynyň ortalarynda halkara derejesinde goldanýan hökümeti agdaryp, howpsuzlygy hem-de düzgün-tertibi dikeltdim diýeli bäri, YD-nyň bir bölümi bolan we özüni “Yslam döwleti-Horasan welaýaty” (YD-H) atlandyrýan topar uruşdan tozan ýurtda metjitlere we beýleki nyşanalara hüjüm edip, bir topar adamyň başyna ýetdi. 


YD-H 2017-nji ýylda hem şol hassahana hüjüm edip, 30-dan gowrak adamyň ölmegine sebäp bolupdy.


Ýaşaýjylar tarapyndan paýlaşylan suratlarda 400 orunlyk Sardar Muhammet Daud Han harby hassahanasynyň daşyny gaplan goýy  tüsse görünýär.


Içeri işler ministrliginiň wekili pidalaryň sanyny tassyklamady.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *