Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Ноябрь
2021

Новости за 03.11.2021

Azathabar.com 

Ahalyň häkimiýetleri syrkaw okuwçylary işledip, pagta borçnamasyny dolmaga synanyşýar

Türkmenistanda pagta ýygym möwsümi dowam edýär. Balkan, Mary we Lebap welaýatlaryndan soň, şu günler Ahalyň käbir etraplarynda hem mekdep okuwçylary pagta ýygymyna köpçülikleýin çekilýär. Bu barada habar berýän sebitdäki habarçymyz bu ýyl welaýatda gowaça hasylynyň pes bolandygyny belläp, ekin meýdanlarynda pagtanyň juda azdygyny aýdýar. "3-nji noýabrda ýuwaş-ýuwaşdan ýagýan ýagyşa garamazdan, mekdeplerde okuwlar ýatyrylyp, okuwçylar we mugallymlar pagta meýdanlaryna çykaryldy. Olar kombaýnlardan soňky pagta hasylyny ýygmaga mejbur edilýär. Читать дальше...

Azathabar.com 

Maryda talaňçylyk wakalary köpelýär, ilatyň işigindäki goşlary ogurlanýar

Türkmenistanda ilatyň dürli gatlagy koronawirus ýokanjyndan we ykdysady krizisiň açlyk derejesindäki kynçylyklaryndan kösenýän mahaly, ýurtda sosial problemalar barha ýitileşýär. Soňky bir aýyň dowamynda Mary welaýatynda ogurlyk, talaňçylyk, aldaw ýoly bilen adamlaryň puluny almak ýaly wakalar köpelýär. Munuň şeýledigini Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar we kanun goraýjy edaralaryň işgärleri aýdýar. "Karantin çäklendirmeleri sebäpli ähli ýerler ýapyk dur. Читать дальше...

Azathabar.com 

Adam hukuklaryny goraýjy 33 gurama Türkiýeden türkmen aktiwistleriniň yzarlanmagynyň öňüni almagy talap edýär

Adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň onlarçasy bilelikdäki beýannama ýaýradyp, türkmen hökümetiniň syýasatlary bilen ylalaşmaýandyklaryny aç-açan beýan edýän we konstitusion hukuklarynyň berjaý edilmegini talap edýän türkmen aktiwistleriniň Türkiýede yzarlanmagynyň öňüni almagy talap etdi. Protestlere gatnaşan we You Tube kanalynda hem-de sosial ulgamlarda aç-açan çykyş eden Türkmenistanyň raýatlary soňky aýlarda Stambulda hüjüme, tussaglyga we ýenjilmelere sezewar edildi, zorlukly wakalaryň biri hut türkmen konsullygynyň binasynda boldy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Prezidentiň togy “tygşytlamak” baradaky çykyşyndan soň, Lebapda elektrik üpjünçiligi çäklendirilýär

Türkmenistanyň prezidentiniň içerki sarp edijilere berilýän toguň “netijeli we tygşytly ulanylmagy” üçin, anyklaşdyrmazdan, ähli çäreleriň görülmegine uly ünsüň berilmelidigini aýtmagynyň yzýany, Lebabyň administratiw merkezinde köpçülikleýin ýagdaýda elektrik togunyň üpjünçiligi bilen bagly hyzmatlar çäklendirilip başlandy. Ýerli ilat Gurbanguly Berdimuhamedowyň 15-nji oktýabrdaky çykyşyndan soň amal edilýän çäreleriň, häzir günleriň gysgalyp, gijeleriň hem uzaýan döwründe, özlerine köp sanly oňaýsyzlyklary döredýändigini aýdýar.

Azathabar.com 

YD-nyň Kabuldaky harby hassahana eden hüjüminde azyndan 19 adam öldi

Owganystanyň paýtagtyndaky harby hassahana edilen ýaragly we bombaly hüjümde azyndan 19 adam ölüp, onlarça adam ýaralandy.  “Talyban” awgust aýynda häkimiýeti ele geçireli bäri guralan kast ediş hüjümleriniň ýene biriniň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” (YD) ekstremist topary öz boýuna aldy.  Owganystanyň iň uly harby hassahanasyny nyşana alan hüjümçiler ilki  iki bomba partladyp, desganyň daşyndan birnäçe tapgyr ok atdylar diýip, resmiler we şaýatlar 2-nji noýabrda aýtdylar. Ýerli metbugat alty hüjümçiniň dördüsiniň öldürilendigini... Читать дальше...

Azathabar.com 

Oppozisiýa Sakaşwiliniň boşadylmagyny talap edip, türmäniň öňünde protest bildrer

Gürjüstanyň "Bitewi milli hereket" oppozisiýa partiýasynyň lideri Nika Melia 2-nji noýabrda Rustawide, Gürjüstanyň öňki prezidenti Mihail Sakaşwiliniň saklanýan türmesiniň öňünde, onuň boşadylmagyny talap edip, möhletsiz çäräniň başlanjakdygyny aýtdy. "Gürjüstan proteste başlar!" diýip, Melia özüniň Facebook sahypasynda ýazdy. Ol bu çäräniň ýerli wagt bilen agşam sagat 5-de başlanjakdygyny mälim etdi. Oppozisiýa lideriniň sözlerine görä, bu çäre öňki prezident türmeden boşadylýança dowam eder. Читать дальше...

Azathabar.com 

Rus IIM-i barmak yzy alynýan migrantlaryň kategoriýalaryny giňeldýär

Russiýanyň Içeri işler ministrligi ýurda gireninden soň barmak yzlary alynmaly migrantlaryň kategoriýalaryny giňeltmegi teklip edýär: zähmet migrantlarynyň, şeýle-de rus raýatlygyny alýan ýa-da bu ýurda 90 günden artyk möhlet bilen gelýän daşary ýurtlylaryň barmak yzlaryny almak  meýilleşdirilýär. Bu baradaky maglumatlar kadalaşdyryjy hukuk aktlarynyň taslamalarynyň federal portalynda çap edildi. Kanun taslamasyna laýyklykda, ýokary hünärli işçiler ýa-da daşary ýurt kompaniýalarynyň işgärleri üçin kadadan çykma düzgüni ulanylmaz. Читать дальше...

Azathabar.com 

Metbugat: Özbek raýatlaryndan goňşy ýurtlaryň serhedinde para soralýar

Özbegistanyň Kun.uz web sahypasy Täjigistan, Gazagystan we Gyrgyzystan bilen aradaky serhet geçelgelerinde özbek raýatlaryndan pul soralýandygyny habar berýär. Neşiriň habarçysynyň ýazmagyna görä, iň ýokary "para" Täjigistan bilen serhetde soralýar. “Oýbek” serhet geçelgesindäki täjik serhetçileri Özbegistanyň raýatlaryndan, serhetden geçmek üçin, 150-200 somoni (150-200 müň som ýa-da 14-20 dollar) möçberinde para alýarlar diýip, neşir habar berýär. "Munuň üçin örän ýönekeý, ýöne ýürege düşgüç usul ulanýarlar" diýip, habarda aýdylýar. Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *