Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Habarçy: MHM dilegçi çagalaryň garşysyna reýd geçirmekçi bolýar

Habarçy: MHM dilegçi çagalaryň garşysyna reýd geçirmekçi bolýar

Türkmen häkimiýetleri jemgyýetçilik ýerlerinde dilegçilik edýän adamlara, şol sanda mätäç maşgalalaryň dilegçi çagalaryna garşy göreşlerini dowam etdirýärler. Häkimiýetler mundan öňem dilegçileri “sylap goýmaýardylar”, ýöne Täze ýylyň öň ýanyndan görülýän çäreler el serip, güzeran aýlamaga çalyşýan adamlar babatdaky hökümet çydamsyzlygynyň has güýçlenendigini yşarat edýär. Bu çäreler sentýabrda Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellän nebit-gazly ýurduň gelýän 2022-nji ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrmak kararyna gelmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Şol bir wagtda-da ýurtda maýyplygy bolan we çagalar öýlerine ýerleşdirilýän çagalaryň sanynyň artýandygy aýdylýar.

Faraply Wepa bir firmada işläp, iş ýerinde alan beden şikesi sebäpli hiç bir işe ýaramaýar we, Azatlyga aýtmagyna görä, dokuz ýaşly oglunyň duralgalarda awtoulaglaryň tekerlerini ýuwup gazanýan puly bilen mydar edýär. “Meniň ýaly kyn günde galan bir ýa iki däl, kän” diýip, Wepa aýdýar.

Türkmenistanyň paýtagtynda we sebitlerinde, hususan-da Mary welaýatynda dilegçilik edip gün görýän raýatlar we häkimiýetleriň olara ýowuz daraýyşlary barada Azatlyk radiosy ozalam habar beripdi.

Lebapdaky habarçymyzyň şu gün beren maglumatyna görä, Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýerli resmileri indi, beýleki milli howpsuzlyk aladalaryny goýup, dilegçilik edýän çagalaryň ählisini tutup, döwletiň çagalar öýlerine tabşyrmak bilen meşgullanarlar.

“Dilegçilikde tutulan çagalaryň hossarlaryna ene-atalyk hukuklaryndan mahrum edilmek garaşýar, dilegçilere garşy göreş indi ozalkylaryndan has berkidiljege meňzeýär” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen ýaşaýjylaryň biri aýtdy.

Ýurduň gündogar sebitinde çagalaryň esasy köp göze ilýän ýerleri Farap bazarynyň, “Kämil marketiň” we Lebap söwda merkeziniň töwerekleri hasaplanýar. Bu ýerlere gelýän çagalar gelen-geçenden zat diläp, güzeran aýlamaga çalyşýarlar, sebäbi olaryň başga barara ýeri ýok diýip, ýerli habarçy aýtdy.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýerli synçy soňky iki ýylda dilegçileriň sanynyň has köpelendigini, sebäbi durmuşyň has gymmatlandygyny öňe sürdi. Ikinji tarapdan, olara kömek etmäge ýagdaýy bolan adamlaryň hem sany azalýar, ykdysady kynçylyklar diňe ilatyň goragsyz galan gatlaklaryna däl, gurplyrak adamlara hem agram salýar; megerem şunuň üçin, häkimiýetler ulalyp barýan meseläni nädibem bolsa çözmäge çalyşýarlar diýip, 55 ýaşyndaky synçy öz pikirini aýtdy.

Azatlygyň habarçysy indi polisiýanyň çagalara garşy reýd geçirip, olaryň ele düşenini ilki izolýatora gabap, soňra ýetimler öýlerine äkitmekçi bolýandygyny anyklady.

“Ediljek zat şundan ybarat, ýetimler öýlerine tabşyryljak çagalar barada ýerli kazyýetlere karar çykardarlar” diýip, radionyň habarçysy öz çeşmesine salgylanyp aýtdy.

Azatlygyň habarçysy dilegçilik edýän çagalaryň birnäçesi bilen gürrüňdeş boldy. Olaryň bir böleginiň ene-atalary daşary ýurtlara gazanç etmäge giden adamlar bolsa, beýleki bir böleginiň ene-atasy maýyp ýa-da saglyk ýagdaýlary sebäpli işläp, çagalaryny ekläp bilmeýän adamlar.

“Dilegçilik edýänler esasan 7-12 ýaş aralygyndaky çagalar, olaryň bir topary diňe özlerini däl, ene-atalaryny hem eklemeli bolýar” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmen kanunlarynda ýurduň esasy baýlygynyň adamdygy, döwletiň adam üçindigi aýdylýar we ilatyň durmuş goragynyň kepillendirilýändigi öňe sürülýär.

Şonuň bilen bir wagtda, Türkmenistanda döwlet idegine mätäç maýyp çagalaryň hem sanynyň köpelýändigi habar berilýär.

BMG-niň unicef.org neşiriniň maglumatyna görä, Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary bilen deňeşdirilende, Türkmenistanda çagalary ýatymlaýyn ideg ediş edaralaryna ýerleşdirmegiň görkezijisi pes. Emma muňa garamazdan, 2005-nji ýylda edaralara ýerleşdirilýän çagalaryň sany 2398-e deň bolan bolsa, bu görkeziji 2016-njy ýylda 3716-a çenli ýokarlandy. Bu esasan çagalar öýlerine ýerleşdirilýän maýyp çagalaryň sanynyň artmagy bilen düşündirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Триумф воли. Как предприниматель из Барнаула в 35 лет начал бегать марафоны по 170 км

«585*ЗОЛОТОЙ» выступила партнером медиафестиваля творческой молодежи YOUPITER

Музею "Царицыно" исполнилось 40 лет

Актера Сергея Десницкого госпитализировали из-за низкого гемоглобина

Музыкальные новости

Собянин: Трасса Солнцево — Бутово — Варшавское шоссе будет готова в 2026 году

Уссурийский ЛРЗ расширяет форматы промышленных экскурсий на предприятие

Путин поручил утвердить проект «Пять морей и озеро Байкал»

Сергей Собянин. Главное за день

Новости России

На летние веранды ресторанов и кафе возвращается алкоголь

Запад пытается спровоцировать Россию на ядерный удар

Итоги мини-конференции по продвижению дизайнеров DesignBlogFest 2024

ТУСУР: драйвером кластера микроэлектроники станет центр в ОЭЗ "Томск"

Экология в России и мире

Представители KAMA TYRES приняли участие в 57-й легкоатлетической эстафете

Стоматолог Владимир Лосев: сколько времени нужно носить брекеты

Правильная эксплуатация грузовых шин позволит продлить срок их службы

Компания ICDMC приняла участие в торжественном открытии выставки “Тульское качество”

Спорт в России и мире

В России отреагировали на "скрытую баранку" и достижение Рыбакиной на Ролан Гаррос

Рыбакина, Путинцева и Бублик стартуют на Ролан Гаррос. Кто в соперниках и чего ждать?

Повернення Калініної до топ-50 та втрачені позиції Світоліної. Оновлені тенісні рейтинги WTA та ATP

Андреева назвала важнейшей в карьере победу над Азаренко на "Ролан Гаррос-2024"

Moscow.media

Лучший HR-бренд – «Грузовичкоф»

Выгодно ли покупать квартиру в новостройке?

Книжные новинки, лаборатория текста и иллюстраций — ждут гостей Московского детского фестиваля искусств «НЕБО»

Жулан.







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *