Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Декабрь
2021

Новости за 09.12.2021

Azathabar.com 

Häkimiýetler Täze ýyla taýynlyk görýärkä, pula mätäç ilat bankomatlaryň öňünde gününi geçirýär

Türkmenabat şäheri Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlanýar. Şäheriň köçeleri bezelýär, timarlanýar, täze ýyl arçalary dikilýär. Bu aralykda şäher ýaşaýjylary gündelik aladalaryň üstüne aýlyklaryny we pensiýalaryny nagtlaşdyryp bilmän kösenýär. Bankomatlarda ýene-de nagt pul ýetmezçiligi döredi, nobatlar birnäçe güne çekýär, pul almak isleýänler nobata öňünden ýazylýar.

Azathabar.com 

Bekre söwdasy 'görülmedik derejede' erkin, ilatda pul ýok, balyklar 'zaýa bolýar'

Türkmenistanda ilatyň elýeterli bahalardan täze balyk etini alyp bilmegi we adatça goýun, sygyr, düýe we guş etlerine ýykgyn edýän adamlaryň arasynda balyk iýmek medeniýetini ösdürmek barada onlarça ýyl bäri edilýän tagalla, ilatyň maliýe ýagdaýynyň yzygiderli peselmegi bilen, bir tarapdan goralýan balyklaryň has kän bikanun tutulmagy, ikinji tarapdan, geçmedik gymmat balyklaryň zibil çeleklerine taşlanmagy sebäpli, garaşylýan netijeleri bermedige meňzeýär.

Azathabar.com 

2021-nji ýylda türmä basylan žurnalistleriň sany artdy, Belarus iň erbet bäşlige girdi

Dünýä boýunça türmä basylan žurnalistleriň sany 2021-nji ýylda ýene bir gezek rekord derejä ýetdi. Hususan-da, şu ýyl metbugat azatlygyny goraýjylar üçin “darykdyryjy ýyl” boldy diýip, Žurnalistleri goramak baradaky komitet 9-njy dekabrda çap eden beýanatynda aýtdy. Komitetiň täze hasabaty žurnalistik işi üçin türmä basylan žurnalistleriň sanynyň rekord derejä, 293 adama ýetendigini anyklady. 2020-nji ýylda bu san 280 adamdy. Žurnalistleri goramak baradaky komitet tapgyr alty ýyl bäri azyndan 250... Читать дальше...

Azathabar.com 

Habarçy: MHM dilegçi çagalaryň garşysyna reýd geçirmekçi bolýar

Türkmen häkimiýetleri jemgyýetçilik ýerlerinde dilegçilik edýän adamlara, şol sanda mätäç maşgalalaryň dilegçi çagalaryna garşy göreşlerini dowam etdirýärler. Häkimiýetler mundan öňem dilegçileri “sylap goýmaýardylar”, ýöne Täze ýylyň öň ýanyndan görülýän çäreler el serip, güzeran aýlamaga çalyşýan adamlar babatdaky hökümet çydamsyzlygynyň has güýçlenendigini yşarat edýär. Bu çäreler sentýabrda Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellän nebit-gazly ýurduň gelýän 2022-nji ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy”... Читать дальше...

Azathabar.com 

Erkin metbugata çydamsyzlyk: 2021-nji ýylda türmä basylan žurnalistleriň sany artdy

Dünýä boýunça türmä basylan žurnalistleriň sany 2021-nji ýylda ýene bir gezek rekord derejä ýetdi. Hususan-da, şu ýyl metbugat azatlygyny goraýjylar üçin “darykdyryjy ýyl” boldy diýip, Žurnalistleri goramak baradaky komitet 9-njy dekabrda çap eden beýanatynda aýtdy. Komitetiň täze hasabaty žurnalistik işi üçin türmä basylan žurnalistleriň sanynyň rekord derejä, 293 adama ýetendigini anyklady. 2020-nji ýylda bu san 280 adamdy. Žurnalistleri goramak baradaky komitet tapgyr alty ýyl bäri azyndan 250... Читать дальше...

Azathabar.com 

Kanada ‘Pekin-2022’ Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň diplomatik boýkotyna goşulýar

Kanada 2022-nji ýylyň fewralynda Pekinde geçiriljek Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň diplomatik taýdan boýkot edilmegine goşulan soňky ýurt boldy. Premýer-ministr Jastin Trudo 8-nji dekabrda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda öz ýurdunyň boýkotynyň “Hytaý üçin garaşylmadyk waka bolmajakdygyny” aýtdy. “Biz ençeme ýyllardan bäri ynsan hukuklarynyň bozulmagy boýunça özümiziň çuňňur aladalarymyzy beýan edip gelýäris” diýip, ol aýtdy. Pekin hukuk bozulmalary berk inkär edýär. Günüň dowamynda britan... Читать дальше...

Azathabar.com 

Pfizer/BioNTech sanjymyny öndürijiler omikrona garşy üç dozanyň ‘netijelidigini’ aýdýarlar

Pfizer/BioNTech waksinasy koronawirusyň omikron ştammyna garşy täsirli ýaly bolup görünýär, diýip waksina öndüriji kompaniýalar aýdýar, ýöne iki dozanyň, belki-de, ýeterlik bolmajakdygyny duýdurýarlar. 8-nji dekabrda çap eden beýanatynda kompaniýalar iki dozanyň wirusa garşy ýeterlik bolmazlygynyň mümkindigini, ýöne üçünji dozadan soň sanjymyň omikrona garşy “netijelidigini” aýtdylar. Güýçlendiriji sanjymlaryň, görnüşinden, ýokary gorag üpjün etmegi köp sanly ekspertler tarapyndan makullandy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Baýden ýurt içinde we daşynda demokratiýa ynam dikeltmegi maksat edinýän sammite beýemçilik edýär

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 9-njy dekabrda wirtual sammit geçirýär. Sammitde dürli demokratik dolandyryş modellerine wekilçilik edýän 110 lideriň demokratiýa ugrunda täze borçnamalary kabul etmegine garaşylýar. Bütin dünýäde awtoritarçylygyň örňeýändigine garamazdan, demokratiýanyň heniz hem netijelidigini aýgytlylyk bilen dünýä görkezmek isleýän Baýden, Demokratiýa sammitiniň açylyşynda Ak tamdan söz sözlär. Baýden demokratiýany we adam hukuklaryny ýurduň daşary syýasatynyň özenine ýerleşdirmekde... Читать дальше...

Azathabar.com 

Orsýetiň Ýokary kazyýeti Uly terrora gatnaşanlaryň atlarynyň aýdylmazlygyny goldaýar

Russiýanyň Ýokary kazyýeti Uly terrorçylyga gatnaşanlaryň atlarynyň gizlin saklanmagyna ygtyýar berýän düzgünleri ykrar etdi diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň “Настоящее Время” telekanaly rus metbugatyna salgylanyp habar berýär. “Nowaýa gazetanyň” habarçysynyň 8-nji dekabrda kazyýet zalyndan habar bermegine görä, Orsýetiň Ýokary kazyýeti RF-nyň prezidentiniň kararynda Uly terrora gatnaşan NKWD işgärleriniň, Içeri işler boýunça halk komissarlygy diýilýän ofiserleriniň atlarynyň gizlin saklanmagyna... Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *