Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ we ÝB Belarusda oppozisionerlere garşy çykarylan ýowuz hökümleri ýazgarýar

Birleşen Ştatlar ikinji gün Gomel şäherinde Belarusyň oppozisiýa aktiwistlerine we žurnalist Igor Losige garşy çykarylan ýowuz hökümleri ýazgardy.


ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinkeniň beýanatynda Sergeý Tihanowskä, Nikolaý Statkewiçe, Igor Losige we beýleki aýyplanýanlara garşy çykarylan hökümleriň syýasy sebäpler esasynda çykarylandygy aýdylýar.


Beýanatda aýdylmagyna görä, bu adamlar babatda geçirilen kazyýet seljermesinde kanunyň hökmürowanlygy berjaý edilmedi. "Iş kesilenler-de, Belarus halky-da bu rehimsiz repressiýa mynasyp däl" diýip, döwlet sekretary aýtdy.


ABŞ bu höküme belarus häkimiýetleriniň öz üstüne alan halkara adam hukuklary borçnamalaryny sylamaýandygyny görkezýän täze subutnama hökmünde garaýar. Beýanatda syýasy sebäpler esasynda ýazgarylanlary, şeýle-de, syýasy tussag hasaplanýan 900-den gowrak belarusy boşatmak çagyryşy edilýär.


Mundan başga, Birleşen Ştatlar Aleksandr Lukaşenkanyň režimini repressiýalary bes etmäge, oppozisiýa bilen gepleşik geçirmäge, erkin we adalatly saýlawlary geçirmäge çagyrýar.


Ýewropa Bileleşigi hem bu hökümleri ýazgaryp çykyş etdi. ÝB-niň Daşary syýasat edarasynyň çap eden beýanatynda Bileleşigiň resmi Minskä garşy täze sanksiýalary girizmek meselesine seretmäge taýýardygy aýdylýar.


Azatlyk radiosynyň Belarus gullugynyň ştatdan daşary geňeşçisi Igor Losik Gomeldäki kazyýet tarapyndan iň berk düzgünli türmede saklanmak şerti bilen 15 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Blogçy Wladimir Syganowiçe hem şeýle möçberde iş kesildi. Sergeý Tihanowskiniň toparynyň agzalary Artýom Sakow we Dmitriý Popow 16 ýyl azatlykdan mahrum edildi.


Belarus oppozisiýasynyň liderleriniň biri Nikolaý Statkewiçe 14 ýyl berildi. Oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýanyň adamsy Sergeý Tihanowskiý bolsa 18 ýyl azatlykdan mahrum edildi. 


Bularyň ählisi, kazyýetiň kararyna görä, prezident saýlawlarynyň netijelerine garşy protest bildirip, köpçülikleýin bidüzgünçilikleri guramakda günäkär tapyldy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *