Ermenistan Türkiýe bilen gepleşikleriň diplomatik gatnaşyklarda, serhetleri açmagyna garaşýar
Bu iki ýurt arada ençeme ýyllap dowam eden duşmançylykdan soň gatnaşyklary düzetmäge synanyşýar.
Günorta Kawkaz sebitinde has giň sebitara parahatçylyk tagallalarynyň bir bölegi hökmünde geçiriljek gepleşikleriň birinji tapgyry Russiýanyň araçylygynda başlanar.
Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Wahan Hunanýanyň aýtmagyna görä, Ermenistan türk hökümeti “gepleşikleri deslapky şert goýmazdan başlamak pikiri bilen” ylalaşýar.
Hunanýan Russiýanyň bu duşuşygyň beýemçisi hökmünde çykyş etjekdigini we gepleşikleriň birinji tapgyrynyň gözleg-agtaryş häsiýetinde boljakdygyny belledi.
"Bir duşuşygyň netijesinde görnetin netijelere ýetip boljagyna garaşmak kyn, ýöne proses başlanar" diýip, ol aýtdy.
Ermenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar taryhy taýdan çylşyrymly bolmagynda galýar, ýöne Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda 2020-nji ýylda 30 ýyla golaý etniki ermenileriň gözegçiliginde saklanan Dagly-Garabag üstünde bolan alty hepdelik söweş sebit dinamikasyny üýtgedi.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 13-nji ýanwarda Türkiýäniň “Ermenistan bilen aradaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak işine başlandygyny” aýtdy.