Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanyň prezidenti IIM-niň başlygynyň orunbasaryny täzeledi

Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji ýanwarda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin maslahatyny geçirip, polisiýanyň podpolkownigi Myrat Babagulyýewi Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.


Sebäbi düşündirilmän işden aýrylan resmi bu wezipä geçen ýylyň awgustynda bellenipdi.


Eger-de prezidentiň  IIM-niň düzediş edaralarynda goýberilýän ýalňyşlyklar, ykdysady jenaýatlara garşy göreşmekde goýberilen kemçilikler, polisiýanyň ýol-gözegçilik gullugynyň işinden goýberilen kemçilikler barada eden umumy belliginden çen tutulsa, bu ýerde gürrüň türmelerde we beýleki pudaklarda giň ýaýran bikanun işler barada barýar.


IIM-niň başlygynyň alty aýdanam az işlän orunbasarynyň ýerine ozal Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdiri bolup işlän maýor Wepaly Ataýew orunbasar bellenildi.


Şeýle-de prezident polisiýanyň maýory Merdan Muhammetmyradowy Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdiri wezipesine belledi.


Adatça, türkmen prezidenti soňy onýyllyklarda ýygy-ýygydan çalşyrylýan kadrlary işinde düýpli kemçilik goýbermekde, wezipe-borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmezlikde, ynanylan pudaga gözegçiligi gowşatmakda aýyplap, soňky duýduryşlaryny bereninden soň wezipesinden boşadýar.


Wezipesinden boşadylan öňki resmileriň soňky ykballary köplenç belli bolmaýar we olaryň käbiriniň işini ýitiren badyna, ýa-da birnäçe aýdan soň türmä basylýandygy hakynda resmi taýdan tassykladyp bolmaýan maglumatlar bar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *