Zelenski Günbatara sagbol aýtdy, ýöne görlen çäreleriň 'biraz giç' bolandygyny belledi
Prezident Wolodymyr Zelenski Ukrainany goldamakda we Russiýa garşy sanksiýa girizmekde bilelikde işlänligi üçin NATO hem-de Ýewropa Bileleşigine minnetdarlyk bildirdi, ýöne ol bu çäreleriň biraz öň görülmändigini, eger şeýdilen bolsa, Russiýanyň goňşy ýurda goşun sürmezinden öň mazaly oýlanmaly bolmagynyň ähtimaldygyny belledi.
NATO-nyň 30 ýurdunyň, Ýediler toparynyň we Ýewropa Bileleşiginiň 27 ýurdunyň ýolbaşçylary 24-nji martda Brýusselde geçiren görlüp-eşidilmedik sammitlerinde Russiýa garşy täze sanksiýalar toplumyny we Ukraina beriljek goşmaça kömekleri yglan etdiler.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Ukraina üçin 1 milliard dollarlyk kömek bukjasyny yglan etdi. Şeýle-de ol 25-nji martda Polşanyň ýolbaşçylary bilen energiýa we bosgun meseleleri boýunça gepleşik geçirmek üçin Warşawa gitmezinden öň Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen bilen duşuşar.
Şeýle-de, Baýden polýak-ukrain serhediniň golaýyndaky Rzeszow şäherine syýahat eder. Bu şäher Ukrainadan 80 km uzaklykda ýerleşýär.
Ukraina 25-nji martda Mariupolda galan parahat ilaty hususy ulaglarda ewakuasiýa etmek üçin ygtybarly koridor açmaga umyt baglaýar diýip, wise-premýeriň orunbasary Irina Wereşçuk aýtdy.
Ukrain güýçleri söweşde rus goşunlaryny Kiýewiň töweregindäki sebitleriň käbirinden yza serpikdirendigini, Mariupolyň golaýynda, Azow deňzinde ýerleşýän rus transport gämisine üstünlikli zarba urandygyny aýdýar.