Pakistan 100 000 adamy öýlerinden bosdurjak kölüň ugruny üýtgedip, has gür ilatly ýerleri gorajak bolýar
Sindh sebitiniň suwaryş ministri Jam Han Şoro 4-nji sentýabrda Mançar kölüniň günorta sebitdäki etraplara abanýan howpy ýokarlandyryp, eýýäm howply derejä ýetendigini aýtdy.
Ol suw saklamak üçin ulanylýan kölüň başga tarapa ugrukdyrylmagynyň 100,000 töweregi adama täsir edip biljekdigini çaklady, ýöne bu çäräniň has köp ilatly ýerleri goramaga we suwuň has agyr düşen beýleki sebitlerindäki suw derejesini peseltmäge kömek etjekdigini aýtdy.
"Biz köli bozmak bilen, Sehwan şäherini halas etmäge synanyşdyk. Kölüň bozulmagy netijesinde Dadu etrabynyň Johi we Mehar şäherlerindäki suw derejesi azalýar" diýip, Şoro “Roýters” habar gullugyna aýtdy. Monson suw joşmasy sebäpli göçürilen käbir adamlar penahanalaryň adamdan hyryn-dykyndygyny aýdyp, öýlerini terk etmek islemedi.
Pakistan iýun aýyndan bäri ýagýan ýagyşlardan çişýän Mançar kölüniň töwereginde has köp suw joşmasynyň bolmagynyň mümkindigini duýdurdy. Mançar köli Pakistandaky iň uly tebigy süýji suw köli we Aziýanyň iň uly köli hasaplanýar.
Resmiler 4-nji sentýabrda suw joşmasynda ölenleriň sanynyň 1300-den geçendigini aýtdy.
Demirgazyk daglarynda ýagýan ýagyşlary we ereýän buzluklar 33 million adama täsir eden suw joşmasyna sebäp boldy.