Täjigistanda güýçli ýertitreme boldy, pidalar barada habar berilmedi
ABŞ-nyň Geologiýa gullugynyň habaryna görä, 23-nji fewral güni irden, ýerli wagt bilen sagat 5: 37-de 6.8 ball güýjündäki ýer titremesi hasaba alyndy. Hytaý metbugatynda ýer titremesiniň güýjüniň 7.2 bolandygy öňe sürüldi.
Adatdan daşary ýagdaý komiteti ölenler barada habar bermedi. Ýer titremesi Hytaýda, Owganystanda, Pakistanda, Gyrgyzystanda we Özbegistanda-da duýuldy.
Ýer titremesiniň merkezi Dagly-Badahşan awtonom sebitiniň Murgap etrabynyň çäginde ýerleşýär diýip, habarda bellenýär.
Özbegistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň seýsmiki çaklaýyş gözegçiliginiň respublikan merkeziniň maglumatyna görä, Özbegistanyň ähli sebitinde diýen ýaly titreme boldy.
Ýer titremesiniň ojagy 147 km çuňlukda, Daşkentden günorta-gündogar tarapda, 435 km uzaklykda ýerleşýär.
Özbegistanyň çägindäki ýer titremeleriň güýji 3-4 ball boldy.
Ilkinji ýer titremesinden soňky sarsgynlar hem Täjigistanyň şol sebitinde boldy.