Türkmenistanda düýeguş ýetişdirilýär
Türkmen telekeçisi Maýsa Welmyradowanyň Akbugdaý etrabynda ýerleşýän fermasynda düýeguşlaryň 500-sine ideg edilýär diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri “Rysgal gazetine” salgylanyp habar berdi.
5 gektar meýdany tutýan fermanyň aslynda 2,5-3 müň düýeguşy idetmäge niýetlenendigi, häzir ol ýerde afrika düýeguşlaryna ideg edilýändigi aýdylýar.
Agramy 100-160 kilogram aralygyna, boýy 3 metre çenli ýetip bilýän afrika düýeguşlarynyň yssy howa çydamly bolup, Türkmenistanyň howa şertlerine gowy uýgunlaşýandygy, olaryň etiniň tagamly we peýdaly mikroelementlere we beloklara baýdygy aýdylýar.