Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenabatda zibil çeleklerini dörýän adamlar ýene köpelýär

Türkmenabatda zibil çeleklerini dörýän adamlar ýene köpelýär

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ilatyň güzeran eklenjiniň agyrlaşýan döwründe, zir-zibil çeleklerini dörýän adamlar görnetin köpelýär. Lebap welaýatynda şu günler bu işleri amal edýän adamlaryň arasynda zenanlaryň has köpdügini görse bolýar.

"Zibil çelekleriniň töweregindäki hereket wagtal-wagtal güýçlenýär. Şu günler Türkmenabat şäherinde zibil dökülýän çelekleri dörüp duran adamlary yzygiderli görse bolýar. Käte birnäçe adam bolup bir çelegi dörýärler. Käte-de bir adam gelip gidensoň, dessine başga bir adam gelip, elindäki uzyn taýagy bilen zibil çelegini köwüp başlaýar we soňra-da ol derege ýarajak zat tapsa, ony çelekden tartyp alýar" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 23-nji fewralda aýtdy.

Zibil dörýän adamlary esasan Türkmenabadyň köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýerleşýän etrapçalaryndaky zibil çelekleriniň töwereginde görse bolýar. Olaryň arasynda zenanlar köp bolup, käbiri ellerine uly halta alyp, zibil çeleklerini aýlanýarlar.

"Olar köplenç çüýşeleri, plastmassanyň we karton gutularyň her hili görnüşini gözleýärler. Olar bularyň bir kilogramyny 1-2 manada satýarlar. Bulary satyn alýan ýörite nokatlar bolup, bu nokatlar plastmassanyň dürli görnüşinden plastmassa turbalary öndürýärler" diýip, habarçy belledi.

Mundan başga, zibil dörýän adamlar mallara iým hökmünde berip bolaýjak gaty çörekleri, azyk galyndylaryny, gök-bakja önümleriniň gabyklaryny we paçaklaryny gözleýärler.

Olar demir ýa sim böleklerini, agaç-tagta önümlerini tapsalar-da, hojalykda bir zada ýarar diýip, alyp gidýärler.

"Käbir adamlar ulaglarynyň hatardan çykan akkumulýatorny (batareýa) hem zyňýarlar. Zibil dörýän adamlar bulary hem alyp, akkumulýator öndürýän ýerli firmalara tabşyrýarlar. Bu firmalar akkumulýatorlary 20 manada satyn alýarlar" diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda alty ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady krizisiň, giň ýaýran işsizligiň arasynda, habarçylarymyz ilatyň ýitileşýän durmuş kynçylyklary we gün-güzeran aladalary barada maglumat berip gelýärler. Bu kynçylyklar köp adamy zir-zibil dörmäge, dilegçilik etmäge iterip, olaryň sany soňky ýyllarda görnetin köpelýär.

Häkimiýetler ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan ykdysady we durmuş kynçylyklaryny aç-açan boýun almaýan mahaly, ýurduň dürli sebitlerinde zibil dörýän we dilegçilik edýän adamlara garşy wagtal-wagtal göreş yglan edýärler. Bu göreşiň çäginde olaryň wagtlaýyn tussag edilmegi ýaly wakalar hem bolýar.

2021-nji ýylda ýurt resmileri zibil dörýän adamlary jemagat gullugynyň eşiklerini geýmäge we dilegçileri satyjy ýaly bolmaga mejbur etmek arkaly olaryň bardygyny ýaşyrmaga synanyşypdylar. Mundan ozal habarçylarymyz paýtagtyň zibil çeleklerine resmi däl görnüşde gözegçilik edýän garawullaryň peýda bolandygyny hem habar berdiler.

Muňa garamazdan, ýurtda zibil dörýän we dilegçilik edýän adamlaryň sany, habarçylarymyzyň maglumatyna görä, köpelmese azalmaýar. Käte zibil dörýänleriň arasynda zibil çelekleriniň üstünde dawa-jenjel hem turýar. 2021-nji ýylda Türkmenabadyň bir zibilhanasynda turan dawa-jenjelde bir adamyň pyçaklanyp öldürilendigi barada habarçylarymyz maglumat beripdiler.

Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri bu wakalar barada maglumat bermeýärler. Şeýle-de, ýurtda ilat arasyndaky işsizligiň, garyplygyň derejesi hakynda resmi sanlar çap edilmeýär.

"Ykdysady kynçylyklaryň arasynda, raýatlaryň durmuş we ýaşaýyş derejesiniň has gowulanandygy aýdylyp, ilata berilýän ýeňillikli hyzmatlar ýatyryldy. Soňra azyk ýeňillikleriniň aglabasy hem ýatyryldy. Bularyň arasynda, öňden hem güzeran eklenji ýaramaz bolan hojalyklaryň ýagdaýy has-da agyrlaşyp, garyplyk derejesine çenli ýetdi we adamlary aman galmak üçin zibil dörmäge, dilegçilik etmäge mejbur etdi" diýip, türkmenabatly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Российский морской дрон «Мурена» может заменить минные тральщики в Черном море – создатель изделия

В Люберцах подписали меморандум о дружбе и сотрудничестве с китайским Хэншуем

Боня заявила, что едет в Монако и на Каннский кинофестиваль: «Моя дочь монегаска, меня не могут выгнать»

Татарстан представил свои товары и услуги на XIX Всероссийском форуме-выставке «Госзаказ»

Музыкальные новости

Стартовал финальный этап всероссийского футбольного турнира «Будущее зависит от тебя»

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Чемпионат России по футболу для людей с ограниченными возможностями начался в Дзержинске

"Зенит" в Москве обыграл ЦСКА и сравнял счет в серии

Новости России

Боня заявила, что едет в Монако и на Каннский кинофестиваль: «Моя дочь монегаска, меня не могут выгнать»

В Люберцах подписали меморандум о дружбе и сотрудничестве с китайским Хэншуем

Ростех и Транснефть объединяются в борьбе с киберугрозами

Участнику убийства Михаила Круга Александру Агееву отказано в отправке на СВО

Экология в России и мире

Работники сервисного локомотивного депо (СЛД) «Чернышевск» филиала «Забайкальский» ООО «ЛокоТех-Сервис» заняли призовые места в соревнованиях Роспрофжел «Мы вместе»

Дети из Узбекского землячества Бурятии увидели театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура

Студенты городских образовательных учреждений проходят практику в Marins Park Hotel Новосибирск

Делаем образ стильным при помощи одной яркой детали

Спорт в России и мире

Теннисист Медведев не смог выйти в четвертьфинал турнира серии «Мастерс» в Риме

Соболенко вышла в полуфинал турнира WTA в Риме

Свёнтек прошла в полуфинал турнира WTA-1000 в Риме

«Спартак» подарит Циципасу клубную футболку

Moscow.media

«Байкал Сервис» открыл новый терминал на юго-востоке Москвы

В День Пушкина театр кукол «Ульгэр» в райцентре Бурятии: Россия, Культура, Дети

Смонтированы пролеты четырех мостов на трассе Дюртюли – Ачит в Пермском крае

Столичные сотрудники росгвардии задержали нетрезвого водителя







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *