Gazak tüçjary, öňki prezidentiň gudasy sekiz ýyl tussaglyga höküm edildi
Astananyň Saryarka etrabynyň 2-nji kazyýeti Boranbaýewi we onuň iki sany iş şärigini bikanun emläk edinmekde we ogurlykda günäli tapandan soň, 31-nji martda tussaglyk hökümini çykardy. Kazyýet Boranbaýewi ähli döwlet baýragyndan hem mahrum etdi, şeýle-de onuň ähli emläginiň we maliýe baýlyklarynyň konfiskasiýa edilmegini buýurdy.
Boranbaýewiň iş şärikleri, telekeçiler Roman Nakhanowa we Taýir Žanuzaga hem, hersine sekiz ýyldan türme tussaglygy berildi. Olar özlerini bigünä hasaplaýandyklaryny aýtdylar.
Boranbaýewiň gyzy Alima Boranbaýewa we Nazarbaýewiň agtygy Aýsoltan Nazarbaýew 2013-nji ýylda durmuş gurdy.
Neşekeşlikden ejir çekendigi we Angliýada kanun meselesiniň bolandygy aýdylýan Aýsoltan Nazarbaýew 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda, 29 ýaşynda Londonda aradan çykdy.
56 ýaşly Boranbaýew geçen ýylyň ýanwar aýynyň başynda hökümete garşy guralan görlüp-eşidilmedik protestlerden soň tussag edildi.