HPG-niň başlygy Georgiýewa dünýäni 'Ikinji sowuk uruşdan' sowulmaga çagyrýar
Halkara pul gaznasynyň dolandyryjy müdiri 13-nji aprelde global söwda bölünişiginiň ýokarlanmagynyň gymmat düşjek netijeleriniň öňüni almak we "ikinji sowuk uruşdan" sowulmaga kömek etmek üçin has köp işiň edilmelidigini aýtdy.
"Men Sowuk urşuň netijeleriniň nämedigini gowy bilýänleriň biri: Bu zehiniň we dünýä goşuljak goşantlaryň ýitirilmegi” diýip, Kristalina Georgiýewa Bütindünýa Bankynyň we Halkara Pul Gaznasynyň Waşingtonda ýazky duşuşyklarynyň resmi açylyşynda guralan metbugat ýygnagynda aýtdy.
Georgiýewa öň sowetlere garaşly döwletleriň biri bolan Bolgariýada doguldy we kemala geldi.