Eýran topary protestlerden soň 400-den gowrak studentiň gadaganlyga düşendigini aýdýar
Eýranyň bir akademiki topary geçen sentýabrda yslam geýim-eşik düzgünini bozmakda aýyplanyp saklanan we tussaglykda ölen 22 ýaşly Mahsa Amini sebäpli tutuş ýurt boýunça geçirilen protestlerden soň 400-den gowrak studentiň ýa okuwyndan çykarylandygyny, ýa-da wagtlaýyn çetleşdirilendigini aýdýar.
Eýran studentleriniň bileleşigi geňeşi 13-nji aprelde 435 studentiň bikanun we howpsuzlyk sebäpli görülýän çäreleriň düzgün-nyzam temmilerine sezewar edilendigini aýtdy. Şeýle-de, protest bildirýän studentlere ýoldaş bolandyklary üçin, soňky hepdelerde uniwersitet mugallymlarynyň hem işden aýrylandygy ýa-da wagtlaýyn çetleşdirilendigi barada birnäçe habar gelip gowuşdy.
Geňeş, studentleriň okuwdan çykarylmagyna ýa-da wagtlaýyn çetleşdirilmegine jogap edip, dürli uniwersitetleriň studentleriniň 7-nji aprelde öz student ýoldaşlarynyň okuwlaryna dikeldilmegine çagyrýan Twitter kampaniýasyna başlandygyny aýtdy. Amininiň ölümine bolan gahar-gazap müňlerçe eýranlynyň köçelere çykyp, has köp azatlyk we aýal hukuklaryny talap etmegine sebäp boldy.