Swerdlowsk sebitinde turan ýangyn bir adamy öldürdi, onlarça binany weýran etdi
Ministrlik ýangyna nämäniň sebäp bolandygyny aýtmady. Emma habarlarda onuň ýerli agaç kärhanasynda döräp, güýçli ýel esasynda tiz ýaýrandygy aýdylýar.
Sebitde adatdan daşary ýagdaý yglan edildi we sülçüler geleňsizlik we biperwaýlyk sebäpli adam ölümine sebäp bolmak ähtimallygyny derňemek üçin jenaýat işlerini açdylar.
Ýangynyň bolan ýeri Moskwanyň 1400 km gündogarynda ýerleşýär.