Baýden ikinji möhlet üçin bäsleşige gatnaşjakdygyny yglan etdi
Prezident Jo Baýden saýlawçylardan “işini tamamlamak” üçin has kän wagt berilmegini sorap, 2024-nji ýylda gaýtadan saýlanmak üçin bäsleşige gatnaşjakdygyny resmi taýdan yglan etdi.
“Her bir nesliň özüniň demokratiýany goramaly pursatlary bolýar. Öz esasy azatlyklaryny goramak pursady. Men munuň biziňkidigine ynanýaryn. Şu sebäpden Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidentligine dalaş etmekçi bolýaryn. Goşulyň. Geliň, işi tamamlalyň” diýip, Baýden twitterde ýazdy.
ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris hem, Jo Baýden bilen bilelikde, 2024-nji ýylda geçiriljek saýlawlara gatnaşjakdygyny aýtdy.
Baýdeniň indiki saýlawda ikinji möhlete dalaş etmekçi bolýandygy aprel aýynyň başynda mälim boldy.
Jo Baýden 2020-nji ýyldaky saýlawlarda ABŞ-nyň 46-njy prezidenti boldy. Ol Amerikanyň taryhynda iň ýaşuly döwlet baştutany bolup durýar. Häzir ol 80 ýaşynda. Baýden ikinji möhlete saýlanan ýagdaýynda, prezidentlik möhletiniň aýagynda onuň 86 ýaşy dolar.
ABŞ-nyň indiki prezident saýlawy 2024-nji ýylyň noýabr aýynda geçiriler.