Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Täze talap daşary ýurtlardaky türkmen studentleriniň ene-atalaryndan pul almak mümkinçiligini bökdeýär

Täze talap daşary ýurtlardaky türkmen studentleriniň ene-atalaryndan pul almak mümkinçiligini bökdeýär

Türkmenistanda ene-atalaryň ýüzlerçesi daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan çagalaryna pul iberip bilmän kösenýär. Muňa türkmen banklarynyň çagalaryna pul geçirmek isleýän ene-atalardan edýän täze talaby sebäp bolýar.

Ýatlatsak, aprel aýynyň başyndan bäri ýurduň banklary daşary ýurtlarda bilim alýan raýatlara pul ibermek üçin olaryň ýanlaryndaky asyl resminamalarynyň, şol sanda pasportlarynyň we dogluş hakyndaky şahadatnamalarynyň banka getirilmegini talap edýärler. Bank işgärleri buýrugyň ýokardan gelýändigini dilden aýdyp, ýazmaça karary görkezmeýärler.

"Ýüzlerçe ene-ata çagalarynyň asyl resminamalaryny heniz-de getirdip bilmeýär. Olar bu resminamalary çagalarynyň okaýan ýurdundan uçarda Türkmenistana gelýän tanyş-bilişleri arkaly getirmäge çalyşýarlar. Ýöne bu o diýen başa barmaýar. Asyl resminamalary çem gelen adama ynanyp, Türkmenistana getirdip bolmaýar. Oňat tanyş-biliş tapmaly bolýar. Sebäbi käte nätanyş ýolagçylardan iberilen resminamalaryň ýitýän halatlary hem bolýar. Üstesine-de, bu usul ene-atalara 1000-2000 manat aralygynda serişdä düşýär" diýip, ýagdaýdan habarly ygtybarly çeşmämiz aýtdy.

Meselem, Türkiýeden Türkmenistana sapar edýän ýolagçy bu resminamalar üçin $50 dollar alýar. Bu 1000 manada deň. Käbir ýurtlardan gelýän ýolagçylar bu hyzmat üçin mundan-da ýokary töleg talap edýärler.

"Resminamalary poçta bilen ibermek has köp wagt ýa-da 2 müň manada çenli goşmaça çykdajy talap edýär" diýip, çeşmämiz belledi.

Türkmenistan daşary ýurtlarda okaýan raýatlaryna gara bazaryň nyrhyndan azyndan bäş esse pes bolan Merkezi Bankyň kursy boýunça kesgitli möçberdäki manady dollara çalşyp bermek mümkinçiligini göz öňünde tutýar. Emma bu mümkinçilikden diňe Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan sanawa girizilen daşary ýurt okuw jaýlarynda okaýan türkmenistanlylar peýdalanyp bilýärler.

Mümkinçilige laýyklykda, häzirki wagtda ene-atalar daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna her aýda jemi 250 dollar iberip bilýärler. Bu serişdäniň 200 dollary "Western Union" pul geçirmek hyzmatlary arkaly iberilýän bolsa, 50 dollary daşary ýurtlarda okaýan raýatlaryň türkmen banklary tarapyndan berlen bank kartlaryna geçirilýär.

Ýöne ýurduň banklarynyň şu aýyň başynda girizen täze talaby ýüzlerçe ene-atanyň we olaryň çagalarynyň aprel aýy üçin pul geçirmek mümkinçiligini ýitirmek töwekgelçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolmagyna sebäp bolýar.

"Aýyň tamamlanmagyna ýene iki iş güni galdy. Banklar şenbe günleri işlemeýärler. Maý aýynda bolsa, aprel aýy üçin pul iberip bolmaýar. Ene-atalar we olaryň çagalary bir aýyň pul ibermek mümkinçiliginden mahrum bolmakdan juda aladalanýarlar" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Azatlyk täze talap we onuň sebäpleri barada kommentariýa almak üçin ýurduň birnäçe banky, şol sanda Merkezi banky we "Senagat banky" bilen habarlaşamaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 26-njy aprelde telefon arkaly eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmenistanda ene-atalaryň daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna pul ugratmak bilen baglanyşykly kynçylyklary indi alty ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär. Bu kynçylyklar wagtal-wagtal ýitileşýär. Muňa häkimiýetleriň pul ibermek mümkinçiliklerini yzygiderli çäklendirmegi, täze talaplary güýje girizmegi sebäp bolýar.

Fewralyň ahyrynda maryly ene-atalar çagalaryna pul ibermek üçin ençeme gün nobata durmaly ýa-da 1000 manada çenli para bermeli bolýandyklaryny gürrüň berdiler. Şonda Belarusda okaýan türkmenistanly talyplar bolsa, ene-atalaryň öz wagtynda pul iberip bilmeýändigi, pulsuzlyk zerarly köp studentiň okuwdan çykmaga, gyzlaryň "ten satmaga" mejbur bolýandygyny aýtdylar.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtda pul ibermek bilen baglanyşykly kynçylyklar we bularyň ene-atalara we olaryň daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna ýetirýän täsirleri barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

«От крабов до «Алёнки»: Презентация русской кухни пройдет в Харбине

Центр Московского долголетия поможет пенсионерам оформить субсидии и льготы на оплату ЖКУ

Новосибирскую школьницу, изрезавшую одноклассницу, отправили на экспертизу в Москву

Депутат Немкин: мошенники применили новую схему обмана, обещая перерасчет пенсии

Музыкальные новости

Роботы-курьеры «Яндекса» будут доставлять заказы в ещё нескольких районах Москвы

Московский "Спартак" не выигрывает трофеи с 2022 года

Яндекс.Недвижимость: за месяц однушки в новостройках Москвы подешевели на 4,5%

В ЦСКА рассказали о тяжести травмы голкипера Владислава Торопа

Новости России

В ЦСКА рассказали о тяжести травмы голкипера Владислава Торопа

Дружба с Львом Яшиным, головокружительная карьера и яркие романы футболиста Франца Беккенбауэра

Синоптики спрогнозировали в Москве до +20 градусов и небольшой дождь 16 мая

В Туле суд выпустил на свободу кавказца, который вместе с братом избил девушку

Экология в России и мире

Пермский край, Суксунский район

Фестивальный праздник «Музыка моего города» в Улан-Удэ включил в программу спектакль Театра кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети

Показ Academy Kaurtseva Fashion Day III 24

В Бурятии театр готовит премьеру о войне СССР и Монголии с Японией: Россия, Культура, Победа

Спорт в России и мире

«Подача на победу на Уимблдоне». Гвардиола – о заключительном туре АПЛ

Теннисист Медведев не смог выйти в четвертьфинал турнира серии «Мастерс» в Риме

Ангеліна Калініна поступилася восьмій ракетці світу Саккарі на турнірі WTA 1000 у Римі: результат

Хачанов проиграл Табило в 1/8 финала «Мастерса» в Риме

Moscow.media

Китайский кроссовер чуть не сжёг своего владельца

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Завершена надвижка моста в Нагатинском затоне

Состоялась Байкальская театральная школа в Бурятии: Россия и Культура, Дети







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *