Türkmen prezidentiniň adyndan uruş weteranlaryna 200 manat berler
Serdar Berdimuhamedow 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan türkmenistanylara Türkmenistanyň prezidentiniň adyndan 200 manat möçberinde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak baradaky karara gol çekdi.
Adat bolşy ýaly, öňki SSSR-iň düzümine giren ýurtlarda gitlerçi Germaniýa bilen bolan urşa gatnaşanlara 9-njy maýda bellenilýän Ýeňiş baýramynyň öňünden hormat-sylag edilýär.
Sowet propagandasyna laýyklykda “Beýik Watançylyk urşy” diýlip atlandyrylýan urşuň gutaranyna şu ýyl 78 ýyl dolýar we oňa gatnaşanlaryň, tylda zähmet çekenleriň ýyl-ýyldan azalýandygy habar berilýär.
Ýurtdaky ýapyklyk, metbugata edilýän berk döwlet gözegçiligi türkmenistanly weteranlaryň durmuş şertleri, görýän kynçyulyklary barada anyk maglumat almak, olar bilen söhbetdeşlik guramak mümkinçiligini tasdan ýoga çykarýar.